Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 10-njy ýaryşy Germaniýada geçirildi. Saar welaýatynda geçirilen ýaryş 19 tapgyrdan ybarat bolup, onda “Toyota Gazoo” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňiş gazandy. Ol 344,04 kilometrlik aralygy 3 sagat 15 minut 29,8 sekuntda tamamlap, soňky 5 ýaryşda 4-nji gezek hemmeden öň pellehana gelmegi başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji, karýerasy boýunça, 11-nji ýeňşi boldy. Ýaryşda 2–3-nji orunlary hem “Toyota Gazoo” toparynyň sürüjileri eýelemegi başardy. Tanakdan 20,8 sekunt az netije görkezen britaniýaly Kris Meeke 2-nji, 36 sekunt soň pellehana gelen finlýandiýaly Ýari-Matti Latwala 3-nji orna mynasyp boldy.
Bu ýaryşdan soň, sanawda 1-nji hatarda barýan Ott Tanak utugyny 205-e ýetirdi. 2-nji hatardaky “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwilliň 172 utugy bar. Soňky 6 ýylyň çempiony, “Citroen Total” toparynyň fransuz piloty Sebastian Ožie 165 utuk bilen 3-nji hatarda barýar. Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 12–15-nji sentýabr aralygynda Türkiýede geçiriler.