4-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek ýylda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, ekişe ak pata berdiler. Oňat taýýarlanan topraga “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözleri aýdyp, güýzlük bugdaýyň ilkinji tohumlaryny taşlamak bilen, aksakgallar hem-de olaryň ýaş kömekçileri ekiş geçirmek gezegini mehanizatorlara berdiler.
Ýurdumyzda şu ýyl 690 müň gektar meýdany bugdaý eýelär. Daýhanlar şonça meýdandan 2020-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda – 400 müň, Mary welaýatynda – 345 müň, Lebap welaýatynda – 310 müň, Daşoguz welaýatynda – 265 müň we Balkan welaýatynda – 80 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler.
Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Şu möwsümde ýurdumyz boýunça “CLAAS”, “John Deere”, “Case”, “Belarus-80H” we “Belarus-82.1” kysymly ýer sürüji traktorlaryň 2 müň 260-sy hem-de hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 7 müň 368-si, ekijileriň 1748-si hem-de beýleki enjamlar we abzallar ulanylar.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers”, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň “Türkmenistan”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Gök çäge”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň “Watan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirildi.
Okuw maslahatlarynda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletde hem-de ýokary hilli geçirmäge kömek eder.
Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de oba hojalyk pudagynda bar bolan täze tehnikalaryň sergisi guraldy.
Zyýada ANNAGELDIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.