Äh­li­rus “Se­na gü­ni” çä­re­si üçin “Gazp­rom Are­na” sta­dio­ny­na müň­ler­çe adam ýyg­na­n­dy. Bu ýer­dä­ki çä­rä Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň 85 se­bi­tin­den aý­dymçy-sazandalar gat­naş­dy. Şol ýer­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň döw­let se­na­sy ýaň­lan­dy. Ony 8 müň sa­zan­dadan hem-de 20 müň adam­dan yba­rat hor to­pa­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di. Köp san­ly ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len döw­let se­na­sy Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.
Döw­let se­na­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren saz to­pa­ry­nyň sa­zan­da­la­ry 19-dan gow­rak saz gu­ral­la­ryn­dan peý­da­lan­dy­lar. 8 müň 97 sa­zan­da­nyň bir ýe­re jem­len­me­gi bi­len uly möç­ber­li saz to­pa­ry dö­re­di. Bu aja­ýyp saz to­pa­ry “Iň uly saz to­pa­ry” hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Mun­dan ozal­ky re­kord 2016-njy ýyl­da ga­za­ny­lyp­dy. Şol ýyl Ger­ma­ni­ýa­nyň Frank­furt şä­he­rin­dä­ki “Com­merz­bank” sta­dio­ny­na 8 müň 76 sa­zan­da ýyg­na­nyp­dy.
Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da, re­kor­dy kes­git­le­mek işi di­ňe döw­let se­na­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­ti bi­len ama­la aşy­ryl­dy. Şeý­le hem sta­dio­na şol gün 40 müň rus­si­ýa­ly ýygnanyp, saz to­pa­ry­na döw­let se­na­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge kö­mek et­di.