5-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň her ýylky bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlaýar.
Indi köp ýyllaryň dowamynda bu bäsleşik jemgyýetçiligiň uly gyzyklanmasyny döredip, eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinden bolan ýaş zehinleri – umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň hem-de döredijilik merkezleriniň okuwçylaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Şu ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýen şygary döredijilik bäsleşiginiň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Körpe artistler bedew bady bilen täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan eziz Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary we tanslary wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada körpe türkmenistanlylara bagtly çagalygy peşgeş beren beýik ýurdumyzyň keşbini döretdi.
Däp bolşy ýaly, bäsleşik birnäçe tapgyrda geçirilip, zehinli çagalary ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary watançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünliklere buýsanç ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.
Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralaryň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda çykyş eden körpe zehinler welaýatlarda geçirilen bäsleşikleriň saýlama tapgyrlarynda ýeňiş gazanyp, ýokary sylag ugrunda göreşmäge hukuk gazandylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda körpe artistleriň hoş owazly aýdymlarynyň bagtyýarlyk döwrüniň senasy bolup ýaňlanýandygy nygtalýar.
Ýaş zehinleriň her bir aýdymy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Çykyşlar ýurdumyzyň çagalar tans toparlarynyň joşgunly ýerine ýetiren tanslary we kompozisiýalar bilen utgaşyp gitdi. Halk we estrada aýdymlaryny wagyz etmek arkaly milli aýdym-saz sungatyny ösdürmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Konsertiň maksatnamasyna diňe bir bäsleşige gatnaşyjylaryň zehinini aýdyňlyk bilen görkezýän dürli eserler däl, eýsem, milli aýdym-saz sungatynyň baýlygyny beýan edýän çykyşlar hem girizildi.
Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary astynda çagalaryň aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edilip, döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar, konserte gatnaşyjylaryň her birine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar kabul edilen Ýüzlenmede ýaş nesil hakynda ýadawsyz aladasy, olaryň bagtyýar durmuşy babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.