Birleşen Arap Emirlikleri 2020-nji ýylyň ýanwarynda ýagşyň ýagmagyna kömek berýän häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagy boýunça halkara forumyny geçirer. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan emeli bulutlaryň döredilmegi ugrunda iş alyp barýan bilermenler gatnaşarlar.
Ýurduň ýerli metbugatynda bellenilip geçilişine görä, häzirki wagtda tutuş dünýäde suw ýetmezçiligi sebäpli emeli ýagyş ýagmaga mümkinçilik döredýän tehnologiýalaryň işlenip düzülmegi babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda BAE-niň hem köp sanly innowasion taslamalary bar.
BAE hem bu forumda özüniň gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemegi maksat edinýär. Ýurduň ylmy-barlag maksatnamasy boýunça täze usullar oýlanyp tapyldy. Şeýle hem suw ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan meseleleri netijeli, durnukly we daşky gurşawa zyýan bermezden çözmek üçin tagallalar edilýär.
BAE-niň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Hani Bin Ahmed al Zeýudi bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy bilermenleri bilen hyzmatdaşlyk edilýändigini we netijede ýurduň suw üpjünçiligini ýagşy güýçlendirmek arkaly üpjün etmek babatda işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Silapguly GAROWOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.