Şwe­si­ýa­nyň “IKEA” kom­pa­ni­ýa­sy Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da söw­da amal­la­ry­ny we san­laş­dyr­mak ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin 10 mil­liard ýu­an (1,41 mil­liard dol­lar) möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy kom­pa­ni­ýa­nyň öňü­miz­dä­ki 3 ýyl üçin taý­ýar­lan stra­te­gi­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lar. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň Hy­taý­da ama­la aşy­ran ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň iň uly möç­ber­li­si bo­lup, “IKEA”-nyň ýer­li şa­ham­ça­sy­na 3 müň tä­ze iş­gär al­nar.
Hojalyk ha­ryt­lary ba­za­ryn­da Hy­ta­ýyň or­ny bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Bu ugur­da dur­nuk­ly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hy­taý­da şä­her­leş­me ul­ga­my, ga­ly­ber­se-de, san­laş­dyr­mak ýo­ka­ry dep­gin­de ös­dü­ril­ýär. Bu hem adam­la­ryň gün­de­lik ulan­ýan ha­ryt­la­ry­na bo­lan is­le­gi­niň art­ma­gy­na ge­tir­ýär. 1943-nji ýyl­da dö­re­di­len “IKEA” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň da­şa­ry ýurt ba­za­ryn­da­ky iň uly şa­ham­ça­sy Hy­taý­da ýer­leş­ýär.

Orazgeldi ATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.