Alymlar ömrüň dowamlylygy üçin fiziki hereketliligiň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçýärler. “British Medical Journal” neşirinde çap edilen makaladaky maglumatlara görä, hatda öýüň içindäki arassaçylyk işlerini geçirmegiň hem ömrüň dowamlylygyna gowy täsir edýändigi mälim edildi.
Alymlar ýaşy 40-dan geçen 36 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Olar gündelik fiziki işjeňligi boýunça 4 topara bölündi. Şol topardaky adamlaryň gündelik durmuşyna 6 ýyllap gözegçilik edildi. Şol gözegçiligiň netijelerine görä, her gün 24 minut çalt ädimler bilen ýöremegiň ýa-da şol wagtyň ornuny tutýan fiziki işjeňligiň ähmiýetiniň uludygy anyklanyldy.