Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Halima Ýakob hem-de Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen geçiren duşuşyklary we şol duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklar türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly itergi berdi.
Bu taryhy waka gabatlanylyp, bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň, türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigini hem bellemek gerek. Işewürler forumynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Singapuryň “Shangri-La” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz ýerli işewürler bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz singapurly işewürleri Aşgabatda “Smart City” (“Akylly şäher”) taslamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Şäher häkimliginiň ýolbaşçysyna bolsa hökümet, döwlet düzümleri hem-de hususy işewürlik, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak tabşyryldy.
Türkmenistanyň we Singapuryň Prezidentleriniň “Istana” köşgünde geçirilen duşuşygy hem täsirli boldy. Gepleşikler halkara hyzmatdaşlygy we söwda, ykdysadyýet, bilim, ylym, sport, medeniýet ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň geljegini öz içine aldy. Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-singapur işewürler geňeşiniň işini mundan beýläk has-da giňeltmek barada hem ylalaşyga geldiler. Bu geňeşiň we işewürleriň duşuşygynyň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti «Istana» köşgünde Premýer-ministr Li Sýan Lun bilen hem duşuşdy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Singapur ýurdumyz bilen islendik ulgamlarda, şol sanda telekeçilik ugry boýunça özara gatnaşyklara taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabada Singapuryň işewür toparlarynyň wekillerini ibermek baradaky teklip beýan edildi. Olar ýerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen tanşyp bilerler. Premýer-ministr Li Sýan Lun şeýle hem Singapuryň Türkmenistana sanly ykdysadyýete geçmäge ýardam bermäge hem-de bu ulgamda bar bolan tejribesini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.
Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň bu sapary ýurdumyzyň Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Bezirgen Şihgulyýew,
Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň
Maliýe-ykdysady seljeriş we usulyýet
müdirliginiň Usulyýet bölüminiň baş hünärmeni.