Botswana Respublikasynda ählumumy saýlawlar şu ýylyň 23-nji oktýabrynda geçiriler. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasynyň wekilleri habar berdiler. Ählumumy saýlawlaryň geçirilmeli wagty ýurduň Prezidenti Mokgwitsi Masisi tarapyndan kesgitlenildi. Wekillige dalaşgärler 57 orun üçin bäsleşmeli bolarlar. Ýene-de 6 wekil saýlawlaryň netijeleri boýunça sesleriň köplügine eýe bolan partiýalar tarapyndan belleniler. Parlamentdäki güýjüň agdyklygy Botswananyň syýasy durmuşynda möhüm faktor bolup durýar. Çünki, milli assambleýa – bir palataly parlament ýurduň liderini saýlaýar. Munuň üçin diňe wekilleriň köp sanly sesi ýeterlikdir. Botswanada Prezident diňe döwlet baştutany bolman, eýsem, hökümete hem ýolbaşçylyk edýär.
Botswana Respublikasy Günorta Afrikada ýerleşýän garaşsyz döwlet bolup, günortada Günorta Afrika Respublikasy, günbatarda we demirgazykda Namibiýa, demirgazyk-gündogarda Zambiýa, gündogarda Zimbabwe bilen serhetleşip, deňze çykalgasy ýok. Ýurduň 70 göterimini Kalahari çöli eýeleýär. Ýurduň Paýtagty Gaborone şäheridir.