Bir aýa go­laý ara­kes­me­den soň, For­mu­la 1 Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy Bel­gi­ýa­da ge­çi­ril­di. “Spa-Fran­kor­çamps” tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 1-nji or­ny “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň ýaş sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan ýa­ry­şyn­da 44 aý­la­wy 1 sa­gat 23 mi­nut 45,710 se­kunt­da ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 21 ýa­şyn­da­ky sü­rü­ji “Fer­ra­ri” to­pa­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nan iň ýaş sü­rü­ji bol­ma­gy ba­şar­dy. Lek­ler­den 1 se­kunt­da­nam (0,981) az wagt soň pel­le­ha­na ge­len “Mercedes” to­pa­ry­nyň iň­lis pi­lo­ty Lýu­wis Ha­mil­ton 2-nji, to­par­da­şy Walt­te­ri Bot­tas 3-nji ýe­ri eýe­le­di.
Sü­rü­ji­le­riň sa­na­wyn­da 268 utu­gy bo­lan Lýu­wis Ha­mil­ton 1-nji, 203 utuk­ly Walt­te­ri Bot­tas 2-nji hem-de 181 utuk top­lan Maks Wers­tap­pen 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Möw­sü­miň 14-nji ýa­ry­şy er­tir, ýag­ny 8-nji sent­ýabr­da Ita­li­ýa­nyň Mon­za şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.