11-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky “Me­kan” köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VI gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di. Be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän fo­ru­myň işi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gat­naş­dy.
Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ry­nyň de­re­je­sin­dä­ki dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len gu­rul­ta­ýyň gün ter­ti­bi­ne Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm me­se­le­ler, hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň tap­gyr­la­ry we bir­nä­çe gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­leri gi­ri­zil­di.
Ýaş­la­ryň bu ge­zek­ki gu­rul­ta­ýy­nyň ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my bo­lan Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gin­de çuň­ňur ma­ny bar. Çün­ki, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­niň ýurduň kuw­wa­ty, mer­te­be­si we ab­ra­ýy bo­lan ýaş­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.
Gu­rul­ta­ýa gat­na­şy­jy­la­ryň ga­ra­ma­gy­na fo­ru­myň gün ter­ti­bi hö­dür­le­nil­ýär. Ol bi­ra­gyz­dan tas­syk­la­nyl­ýar.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy S.Ba­ba­ýew ge­çen gu­rul­taý­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan “Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2015-2020-nji ýyl­lar üçin döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da çy­kyş et­di. Ha­sa­bat­da Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň 2016-2019-njy ýyl­lar­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça alyp ba­ran iş­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry be­ýan edil­di.
1991-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň hä­zir­ki dö­wür­de 4 müň 973 il­kin­ji gu­ra­ma­sy, 909 müň 765 ag­za­sy bar. Ýaş ne­sil­le­riň has iş­jeň­lik gör­kez­ýän­le­ri bu gu­ra­ma­nyň ha­ta­ry­na ýyl-ýyl­dan bar­ha köp çe­kil­ýär. Ha­sa­bat döw­rün­de ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri dün­ýä­niň 30-a go­laý ýur­dun­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry­na we sam­mit­le­ri­ne gat­naş­dy­lar. Da­şa­ry ýurt­la­ryň türk­men ýaş­la­ry­nyň bi­lim al­ýan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne we bi­lim eda­ra­la­ry­na sa­par­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len Öz­be­gis­ta­nyň ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çe­kil­di.
“Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2015-2020-nji ýyl­lar üçin mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, “Ýaş­lar we ka­nun” at­ly ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­sy, 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da Ýaş alym­lar mer­ke­zi, ylym we bi­lim eda­ra­la­ryn­da bol­sa ýaş alym­la­ryň ge­ňeş­le­ri dö­re­dil­di.
VI gu­rul­ta­ýyň mej­li­si­niň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­si­ne ga­ra­dy­lar. Olar Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň tä­ze dü­zü­mi­ni, onuň ýol­baş­çy­la­ry­ny saý­la­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VI gu­rul­ta­ýy­nyň we­kil­le­ri gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne Ý.Öwez­ber­di­ýe­wi saý­la­dy­lar, baş­ly­gyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne Ý.Ke­ri­ýew saý­la­nyl­dy. Ý.Öwez­ber­di­ýew ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş edip, gu­rul­ta­ýyň we­kil­le­ri­ne özü­ne bil­di­ri­len ynam üçin ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy we öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ug­run­da äh­li ta­gal­la­sy­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy.
Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýaş­lar bi­len du­şuş­mak üçin, “Me­kan” köş­gü­ne gel­me­gi gu­rul­ta­ýyň we­kil­le­ri üçin ga­ra­şyl­ma­dyk ýa­kym­ly wa­ka öw­rül­di. Mu­nuň özi mil­li Li­de­ri­mi­ziň türk­men ýaş­la­ry­na we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Gu­rul­ta­ýa gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Ýaş­la­ryň ag­zy­bir­lik­de aýd­ýan “Ar­ka­da­ga şöh­rat!” di­ýen söz­le­ri el çar­pyş­ma­lar bi­len ut­ga­şyp, uly ru­hu­be­lent­lik dö­ret­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýaş­lar fo­ru­my­nyň we­kil­le­ri­niň adyn­dan gu­rul­taý­da çy­kyş et­me­gi ha­ýyş et­di­ler. Mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ra gut­lag sö­zi bi­len ýüz­len­di.
Bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz bu gün döw­let, hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da, iň kä­mil we çyl­şy­rym­ly teh­no­lo­gi­ýa­ly iri kär­ha­na­lar­da mil­li hem-de döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şy­ny de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär­ler. Te­le­ke­çi­lik we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Yk­bal­la­ry­ny spor­ta bag­lan ýaş tür­gen­le­ri­miz bol­sa, us­sat­ly­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hu­ny, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni, asyl­ly mil­li hem-de zäh­met däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam ed­ýän ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň mun­dan beý­läk-de äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­ny mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga ba­gyş et­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bi­lim öz­gert­me­le­rin­de öňe sür­ýän baş tag­ly­ma­tym mäh­ri­ban hal­ky­my­za we Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za bo­lan eg­sil­mez söý­gä ýug­ru­lan­dyr. Bu tag­ly­mat aý­ra­tyn hem ýaş­lar­da iň asyl­ly hä­si­ýet­le­ri – ah­lak aras­sa­ly­gy­ny, ru­hu­be­lent­li­gi, ylym-bi­li­me ym­ty­ly­şy ter­bi­ýe­le­mä­ge we bi­le­si­ge­li­ji bol­ma­ga ça­gyr­ýar di­ýip aýt­dy. Yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny hem-de okat­ma­gyň in­no­wa­si­on usul­la­ry­ny bi­lim ul­ga­my­na or­naş­dyr­ma­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýä­ris. Bu bol­sa, bi­li­miň hi­li­niň ýo­ka­ry de­re­jä la­ýyk bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek bi­len, ýaş­la­ra dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim-ter­bi­ýe ber­mä­ge giň ýol aç­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Biz be­den­ter­bi­ýä we spor­ta uly üns ber­mek bi­len, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ni üp­jün ed­ýä­ris. Ýaş­la­ra ber­jek sar­gy­dym – sport yn­sa­nyň hä­si­ýe­ti­ni, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy, mert­li­gi hem-de dur­nuk­ly bol­ma­gy ter­bi­ýe­le­me­giň aja­ýyp se­riş­de­si­dir. Sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak adam­da özü­ne ynam, mer­dem­lik, güýç-kuw­wat, çak­gan­lyk, ba­şar­nyk, ru­hu­be­lent­lik we beý­le­ki­le­riň ýeň­şi­ne gu­wan­mak hä­si­ýet­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. Şu aja­ýyp hä­si­ýet­le­ri özün­de ter­bi­ýe­län adam uly hor­ma­ta my­na­syp­dyr.
Bu gün Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan kuw­wat­ly döw­let­dir. Ýaş­la­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry, yh­la­sy, ar­zy­ly pel­le­ha­na yna­my bi­len kuw­wat­ly döw­le­ti­mi­ziň spor­ty hem güýç­li bol­ma­ly­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le hem gel­jek ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň To­kio şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXII To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Döw­let baý­da­gy­my­zy be­len­de gal­dyr­jak­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di.
Ada­my jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy di­ýip yg­lan eden ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ýaş­lar ha­kyn­da uly ala­da edil­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň mil­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry, hal­ka­ra ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­rin­de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we onuň äh­li ag­za­la­ry­nyň my­na­syp go­şan­dy bar­dyr. Ýaş­lar gu­ra­ma­sy be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, zäh­met­sö­ýer, iş ba­şar­jaň, Wa­ta­na we­pa­ly ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de özü­niň dö­re­di­len gü­nün­den, ýag­ny 1991-nji ýy­lyň 16-njy no­ýab­ryn­dan bä­ri ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar.
Ge­çen şu dö­wür­de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy ýaş­la­ry­my­zy je­bis­leş­dir­mek­de, ola­ryň güýç-kuw­wa­ty­ny, aň-dü­şün­je­si­ni Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mä­ge gö­nük­dir­mek­de öz we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip gel­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de bu Gu­ra­ma­nyň öňün­de tä­ze we­zi­pe­ler dur­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu Gu­ra­ma­nyň gel­jek­de öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni kes­git­le­di. Ýaş­la­ra yl­myň we bi­li­miň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça In­ter­net ul­ga­my­nyň el­ýe­ter bol­ma­gy­na, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iş­le­ri do­wam et­me­li. Bi­lim eda­ra­la­ry üçin yl­my-usu­ly gol­lan­ma­la­ryň, mag­lu­mat, gör­kez­me es­bap, yl­my-bar­lag, göz­leg-ag­ta­ryş se­riş­de­le­ri­niň taý­ýar­lan­ma­gy­ny üp­jün et­me­li, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ni ta­mam­lan ýaş­la­ry­my­zy iş bi­len do­ly üp­jün et­me­li, ýaş maş­ga­la­la­ry gol­da­ma­ly, şol san­da ça­ga dog­lu­şy­nyň ösü­şi­ni hö­wes­len­dir­me­li.
Ýaş­la­ryň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri, işiň gör­nüş­le­ri­ni we orun­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­ly, zäh­met ba­za­ryn­da bäs­le­şik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, hü­när taý­ýar­ly­gy­ny, gaý­ta­dan taý­ýar­lyk we hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin okuw­la­ry gu­ra­ma­ly, ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de, uzak ara­lyk­da ýer­leş­ýän we bar­ma­sy kyn bo­lan ilat­ly ýer­ler­de ýaş­la­ry­my­zyň iş­le­mä­ge bo­lan is­leg­le­ri­ni art­dyr­mak üçin hö­wes­len­dir­me çä­re­le­ri­ni iş­läp düz­me­li di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Te­le­ke­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­li ýaş­lar üçin gys­ga möh­let­le­ýin tö­leg­li okuw­la­ry gu­ra­ma­ly, ýaş har­by gul­luk­çy­la­ryň we iş­gär­le­riň Türk­me­nis­tan­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän olim­pia­da­la­ra, bäs­le­şik­le­re, mas­la­hat­la­ra, ser­gi­le­re we fes­ti­wal­la­ra gat­naş­ma­gy­na ýar­dam et­me­li, ýaş alym­la­ryň, in­že­ner­le­riň, teh­no­log­la­ryň we hü­när­men­le­riň yl­my bar­lag­la­ry­ny hö­wes­len­dir­me­li, ola­ry da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­la­ry­na, du­şu­şyk­la­ra iber­me­li, bi­le­lik­dä­ki yl­my tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga, şol san­da ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gyn­da­ky yl­my iş­le­re çek­me­li di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­tap geç­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň ene-ata we il-ýurt öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny ber­jaý et­mek üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­jek­di­gi­ne, ylym­ly-bi­lim­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­jek­di­gi­ne, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da jan aýa­man zäh­met çek­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gu­rul­ta­ýa gat­na­şy­jy­la­ry ýe­tip gel­ýän Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my hem-de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VI gu­rul­ta­ýy­nyň açyl­ma­gy bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, ola­ryň ylym-bi­lim­le­ri, yh­las­ly zäh­me­ti bi­len, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny, mer­da­na hal­ky­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­me­li­dik­le­ri­ni aýt­dy. Ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş, ýurt pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di. Mil­li Li­de­ri­miz öz çy­ky­şy­ny şa­hy­ra­na se­tir­ler bi­len ta­mam­la­dy, oňa ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si bir agyz­dan go­şul­dy­lar:

Pa­ra­hat­lyk – ýü­rek baý­da­gy,
Älem-ja­han – mä­hir mu­ka­my.

Türk­me­nis­tan – ba­har baý­ra­my,
Türk­me­nis­tan – dost­luk me­ka­ny.

Öňe, öňe, ýaş­lar bi­len di­ňe öňe,
Jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!

Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy gu­rul­ta­ýa gat­na­şy­jy­la­ryň adyn­dan ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry bi­len du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Gu­rul­ta­ýa gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň öňün­de hä­zir­ki dö­wür­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­de ge­lip çyk­ýan Ka­rar­na­ma­ny bi­ra­gyz­dan ka­bul et­di­ler. Şeý­le hem VI gu­rul­ta­ýa gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ýüzlenme ka­bul et­di­ler.