Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­sy, döw­let mi­nist­ri Emir Tur­ki bin Mu­ham­med bin Fa­had bin Ab­dul Aziz Al Sau­dy we Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ösüş gaz­na­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we do­lan­dy­ry­jy mü­di­ri Ha­lid bin Su­lai­man Al Hu­dai­ry­ny ka­bul et­di.
Myh­man­lar du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­ip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň pa­ty­şa­sy Sal­man Ben Ab­dul-Aziz Al Sau­dyň we Mi­ras­dü­şer şa­za­da Mu­ham­med Ben Sal­man Al Sau­dyň ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny we tu­tuş türk­men hal­ky­na aba­dan­çy­lyk, gül­läp ösüş ba­ra­da aý­dan ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dost­luk­ly ýur­duň Türk­me­nis­tan bi­len köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge üýt­gew­siz gy­zyk­lan­ma­la­ry be­ýan edil­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň gel­je­gi ha­kyn­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­mak, san­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan düýp­li öz­gert­me­ler, ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­lar ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär. Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gamy, ulag-ara­gat­na­şyk top­lu­my, dok­ma pu­da­gy we beý­le­ki ul­gam­lar hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp ugur­la­ry bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň we Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň dün­ýä­niň iri ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­di­gi­ni na­za­ra ala­nyň­da, ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gy­nyň düý­pli döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, bäs­deş­li­ge ukyp­ly taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­li­giň dö­re­dil­me­gi­ne wa­jyp äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lan ne­ti­je­li me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy. Mu­nuň özi umu­my ru­hy däp­le­ri we ta­ry­hy gat­na­şyk­la­ry bo­lan iki hal­kyň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Pa­ty­şa­sy­ny we onuň Mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy­ny öz­le­ri üçin is­len­dik amat­ly pur­sat­da Türk­me­nis­ta­na ge­lip gör­mä­ge ça­gyr­dy.