Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilendir. Bu ugurda dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri hem-de halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysallaryny Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde durmuşa geçirýän giň gerimli çärelerinde hem görmek bolýar.
Şu ýylyň 15-16-njy maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň, 15-nji maýynda Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Mundan başga-da, maý aýynyň ahyrynda paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi geçirildi.
Şu günler bu guramanyň ýene-de bir uly ýygnagy geçirildi. Ol hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisidir. Şol mejlisde Arkalaşyga agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimize degişlidir. Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň derejesinde bu resminamanyň kabul edilmeginiň däp bolan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam eder.
Ýurdumyz GDA-da başlyklyk etmek wezipesini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýär, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dürli ulgamlarda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza bolmak bilen, GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklara netijeli çemeleşmäni görkezip, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.