Oba ho­ja­lyk pu­da­gynda esa­sy ekin­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan pag­ta ýur­du­my­zyň mil­li baý­ly­gy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­lary ne­ti­je­sin­de, oba­se­na­gat pu­da­gyn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lyp, tä­ze çe­me­leş­me­le­riň hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len pu­dak tä­ze ösüş ýo­lu­na ga­dam bas­dy. Ýur­du­my­zyň oba zäh­met­keş­le­ri her ýyl pag­ta­nyň hem-de bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär­ler.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len zäh­met­sö­ýer ba­ba­daý­han­la­ry­my­za döw­let ta­ra­pyn­dan köp san­ly ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Şeý­le ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp, yh­las­ly zäh­met çek­ýän pag­ta­çy­la­ry­myz “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýur­du­myz­da “ak al­ty­nyň” bol ha­sy­lyny ös­dü­ri­lip ýe­tiş­dir­di­ler we ony ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga gi­riş­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ak pa­ta ber­me­gin­de ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi ba­dal­ga al­dy. Top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, pag­ta ýy­gy­my Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 18-nji sent­ýabr­da baş­la­nar.
Şu ýyl­ky ýy­gym möw­sü­min­de “ak al­ty­nyň”
1 mil­li­on 50 müň ton­na­sy­ny taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ola­ryň 207 müň ton­na­sy Ahal we­la­ýa­tyn­da, 5 müň ton­na­sy Bal­kan we­la­ýa­tyn­da, 230 müň ton­na­sy Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da, 295 müň ton­na­sy Le­bap we­la­ýa­tyn­da, 313 müň ton­na­sy bol­sa, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da taý­ýar­la­ny­lar. Ýurdumyz boýunça 550 müň gek­ta­ra go­wa­ça ekil­di. Ýy­gym möw­sü­min­de pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň 923-si, çig ma­ly da­şa­ma­ga ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň 2 mü­ňü­si, trak­tor­la­ryň 1 müň 867-si we tir­keg trak­tor­la­ry­nyň 3 müň 877-si ula­ny­lar. Tä­ze ha­sy­ly ka­bul edip al­mak üçin taý­ýar­la­ýyş bö­lüm­le­ri­niň 157-si, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ry­nyň 39-sy taý­ýar­la­nyl­dy. Şo­la­ryň ýa­nyn­da­ky bar­lag­ha­na­lar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry”döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri ge­lip go­wuş­ýan önü­miň hi­li­niň yg­ty­bar­ly bar­la­gy­ny üp­jün ed­ýär­ler.
Eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de me­lio­ra­si­ýa we su­wa­ryş iş­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi­ne, oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň teh­ni­ki par­ky­nyň tä­ze­len­me­gi­ne düýp­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Şu mak­sat­lar bi­len döw­le­ti­miz dün­ýä­niň esa­sy ön­dü­ri­ji­le­rin­den oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny yzy­gi­der­li sa­tyn al­ýar. Şu­lar bi­len bir ha­tar­da, yl­my seç­gi­çi­li­ge, go­wa­ça­nyň tiz ýe­tiş­ýän, ýo­ka­ry ha­syl­ly hem-de tä­ze et­rap­laş­dy­ry­lan gör­nüş­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Pag­ta ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty üçin hem gym­mat­ly çig mal bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da dok­ma pu­da­gy­nyň ön­dü­ri­ji­lik kuw­wa­ty ýy­lyň-ýy­ly­na has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­tyn­da tä­ze se­na­gat top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar.

Töre ANNAMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
uly mu­gal­ly­my.