Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň energetika senagaty ösüşiniň täze belentliklerine çykdy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gazturbinaly elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berilýär. Türkmen elektrik energiýasynyň dünýä bazaryna ugradylýan möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem giň gerim berildi.
Daşary ýurtly kompaniýalaryň gatnaşmagynda dürli sebit hem-de halkara derejesinde iri taslamalar durmuşa geçirildi we geçirilýär. Muňa mysal edip, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisini görkezmek bolar.
Ýurdumyzyň energetika senagatynyň gazanan üstünlikleri şu hepdäniň dowamynda, ýagny 12-14-nji sentýabry aralygynda geçirilen “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi we ylmy maslahatynda giňden açylyp görkezildi. Bu halkara forumyň guramaçylary hökmünde ýurdumyzyň Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy çykyş etdi. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalar we ugurdaş düzümler bar. Sergi gatnaşyjylaryň 130-a golaýyny – dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň wekillerini, bilermenleri birleşdirdi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sergä gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Milli Liderimiziň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem bellenilip geçilişi ýaly, döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap energetika enjamlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar hem-de bu ugurlara maýa goýum serişdeleriniň uly möçberi gönükdirilýär.
Bu sergide elektrik energiýasyny öndürmek babatda gazanylýan üstünlikleri, bu pudaga ornaşdyrylýan täzeçil çemeleşmeler, nou-haular hem-de beýleki häzirki zaman tehnologiýalary babatda gyzykly maglumatlar almaga mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ýagny Gün panellerini we ýel generatorlaryny öndürmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän bu halkara forum türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, geljegi uly täze tekliplere seretmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Esmira AGAMÄMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.