Köp adam ýer­den önen mi­we­dir bak­ja önüm­le­ri, çö­rek, ada­ty peý­nir we beý­le­ki önüm­ler bi­len iý­mit­len­mä­ge öw­re­ni­şip­dir. Dün­ýä­niň kä­bir res­to­ran­la­ry öz müş­de­ri­le­ri­ne örän gym­mat ba­ha­ly ta­gam­la­ry hö­dür­le­ýär­ler. Şeý­le hem dün­ýä­de gymmat ba­ha­ly bir­nä­çe ha­ryt­lar hem bar. Şo­la­ryň kä­bi­ri­ni ada­ty dü­kan­lar­dan sa­tyn alyp bol­ma­ýar. Şeý­le ha­ryt­lar ba­bat­da du­rup geç­mek gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.
“La Bon­not­te” ýe­ral­ma­sy: bi­ziň kö­pi­miz ýe­ral­ma­nyň bir ki­log­ra­my­nyň 500 ýew­ro deň­di­gi­ni göz öňü­ne hem ge­tirip bil­ýän däl­diris. Ýe­ral­ma­nyň “La Bon­not­te” gör­nü­şi­niň ba­ha­sy şo­ňa ba­ra­bar­dyr. Ol Fran­si­ýa­nyň Nu­ar­mu­týe ada­syn­da ýe­tiş­di­ril­ýär. Ýe­ral­ma­nyň bu gör­nü­şi­niň ta­ry­hy XX asy­ryň 30-njy ýyl­la­ryn­dan öz göz­ba­şy­ny alyp gaýd­ýar. Il­kin­ji ýyl­lar­da ol on­çak­ly meş­hur däl­di. 1995-nji ýyl­da ol meş­hur­ly­gy­nyň çür de­pe­si­ne çyk­dy. Şon­da onuň bir ki­logra­my­nyň ba­ha­sy 475 dol­la­ra deň bol­dy. Şon­dan bä­ri onuň ba­ha­sy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Ýe­ral­ma­nyň bu gör­nü­şi­niň ta­ga­my ho­zuň ta­ga­my­na, ysy bol­sa li­mo­nyň ysy­na meň­zeş­dir. Ol ýö­ri­te teh­no­lo­gi­ýa esa­syn­da ýe­tiş­di­ril­ýär, dö­kün hök­mün­de de­ňiz suw ot­la­ry ula­nyl­ýar.
Ak do­ma­lan: Ol kö­me­le­giň iň gym­mat gör­nü­şi­dir. Onuň bi­ri­niň ba­ha­sy 2000 ýew­ro deň­dir. Bir ta­rap­dan onuň ba­ha­sy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa, ha­sy­ly kem-kem­den azal­ýar. Oňa hem äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­lyk tä­sir ed­ýär. Kö­me­le­giň bu gör­nü­şi köp­lenç aş­pez­ler ta­ra­pyn­dan na­har­la­ra ýa­kym­ly ys ber­me­k üçin ulan­ylýar. Ol fran­suz ta­gam­la­ryn­da köp­räk peýdalanylýar.
Mer­mer et: Etiň bu gör­nü­şi “Wag­ýa” öküz­le­ri­niň etin­den taý­ýar­lan­ýar. Bu öküz­le­riň wa­ta­ny Ýa­po­ni­ýa ha­sap­lan­ýar. Mer­mer etiň bir ki­log­ra­my­nyň ba­ha­sy 450 dol­la­ra deň­dir.
Los peý­ni­ri: Lo­suň süý­dün­den taý­ýar­lan­ýan peý­nir dün­ýä­niň iň gym­mat peý­ni­ri ha­sap­lan­ýar. Ol di­ňe Şwe­si­ýa­nyň “Moo­se Hou­se” fer­ma­syn­da taý­ýar­lan­ýar. Losuň süý­düniň on­çak­ly köp bol­man­dy­gy se­bäp­li, bu peý­ni­riň önüm­çi­li­gi çäk­li­dir. Onuň bir ki­log­ra­my­nyň ba­ha­sy 1 müň ýew­ro deň­dir.
Al­bi­nos ak­ba­ly­gy­nyň iş­bi­li: Al­bi­nos ak­ba­ly­gy ti­ra­na ba­lyk­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Oňa Ha­zar deň­zin­de duş gel­mek bol­ýar. Bu ba­ly­gyň 100 ýyl­dan bir ge­zek taş­la­ýan tyl­la öwüş­gin­li iş­bi­li­niň bir ki­logra­my­nyň ba­ha­sy 8,5 müň ýew­ro deň­dir.
Iň gym­mat ko­fe dä­ne­si: Dün­ýä­de kofeniň iň gym­mat gör­nü­şi ko­pi-lu­wak hem-de blek aý­wo­ri gör­nüş­le­ri­dir. Ko­pi-lu­wak Gü­nor­ta we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da duş ge­l­ýär. Blek aý­­wori bol­sa, Tai­land­da taý­ýar­lan­ýar. Ola­ryň 450 gra­my­nyň ba­ha­sy 500 dol­la­ra deň­dir.

Taň­ry­gu­ly DI­LEG­BER­DI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň ta­ly­by.