Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy edarasy (FAO) tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, ilkinji gezek tutuş dünýäde ilat başyna sarp edilýän balygyň mukdary 20 kilogramdan geçdi. Bu barada guramanyň “Dünýäniň balykçylygynyň hem-de akwa medeniýetiniň ýagdaýy” atly beýanatynda habar berilýär.
Italiýanyň Rim şäherinde ştab-kwartirasy ýerleşýän FAO edarasy adam başyna sarp edilýän balygyň mukdarynyň artmagynyň balyklaryň käbir görnüşleriniň has köp mukdarda tutulmagy bilen berk baglanyşyklydygyny belleýär.
—Balykçylyk senagatynda gazanylýan üstünlikler durnukly ösüş ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar. Ol hem bu pudagyň mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär – diýip, FAO-nyň baş müdiri Žoze Grasianu da Silwa mälim etdi.
2014-nji ýylda tutuş dünýä boýunça balyk önümleriniň möçberi 93,4 million tonna deň boldy. Degişli döwürde deňiz önümlerinden tunes, langust we krewetka köp mukdarda tutuldy. Guramanyň maglumatyna görä, dünýäde 4,6 million sany balyk tutulýan gämi bar. Olaryň 90 göterimi Aziýa we Afrika döwletlerine degişlidir. Olaryň 64 müňüniň uzynlygy 24 metre barabardyr. Takmynan, 57 million adam bu pudagyň önümçiliginde zähmet çekýär.
Balyk adam saglygy üçin peýdalydyr. Ol omega-3 ýag kislotasynyň, dürli witaminleriň, kalsiniň, sinkiň we demriň esasy çeşmesidir. Bütindünýä halkara söwdasynda nyrh babatda balyk önümleriniň tutýan paýy 1 göterime deňdir. Şeýle hem onuň tutuş dünýä boýunça oba hojalyk önümleriniň eksportunda 9 göterime barabar paýy bar. 2014-nji ýylda dünýäde balyk önümleriniň eksporty 148 milliard dollara deň boldy. 1976-njy ýyllarda bu görkeziji 8 milliard dollardy. Ösüp gelýän ýurtlarda onuň eksporty 80 milliard dollara golaýlady we et, tüwi, şeker we beýleki önümleriň eksportuna görä, has köp girdeji getirýän ugurlaryň birine öwrüldi