Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da yk­ly­myň dür­li şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­jek Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň no­bat­da­ky du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. “A” to­par­ça­da Ang­li­ýa Keý­niň het-trik eden oý­nun­da Bol­ga­ri­ýa­ny 4–0, soň­ra-da Ko­so­wa­ny 5–3 ha­sa­byn­da ýeň­di. 2-nji oýun­da Jeý­son San­ço 2 gol ge­çi­rip, 2 go­luň hem pa­sy­ny ber­di. Bu du­şu­şy­ga çen­li Ko­so­wo 15 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär­di.

REKORDa 17 GOL GALDY
“B” to­par­ça­da Por­tu­ga­li­ýa iki du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy. Myh­man­çy­lyk­da Ser­bi­ýa­ny 4–2, Lit­wa­ny-da 5–1 ýe­ňen por­tu­gal­la­ryň 2-nji du­şu­şy­gyn­da su­per ýyl­dy­z Kris­tia­no Ro­nal­do 4 gol ge­çir­di. Ser­bi­ýa du­şu­şy­gyn­da 1 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Ro­nal­do­nyň gol ge­çi­ren mil­li ýy­gyn­dy­la­ry­nyň sa­ny 40-a ýet­di. Gol­la­ry­nyň sa­ny­ny-da 93-e ýe­ti­ren Ro­nal­do bu ugur­da 109 gol ge­çi­ren eý­ran­ly Ali Daei­den soň 2-nji ha­tar­da bar­ýar. Ol mil­li ýy­gyn­dy­da 8-nji ge­zek het-trik et­di. Şeý­le-de Uk­rai­na Lit­wa­ny 3–0, Ser­bi­ýa bol­sa Lýuk­sem­bur­gy 3–1 ýeň­di. “C” to­par­ça­da 2 güýç­li ýy­gyn­dy, ozal­dan gel­ýän bäs­deş­ler Ger­ma­ni­ýa bi­len Gol­lan­di­ýa du­şuş­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da 3–2 ýeň­len gol­land­lar myh­man­çy­lyk­da 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Soň­ky 11 mi­nut­da 2 gol ge­çi­ren Gol­lan­di­ýa­nyň adyn­dan Fren­ki de Ýong, Tah (ö.d.), Ma­len hem-de Wiý­nal­dum ta­pa­wut­lan­dy. Gol­lan­di­ýa 2-nji du­şu­şy­gyn­da Es­to­ni­ýa­ny Ba­bel, De­paý we Wiý­nal­du­myň gol­la­ry bi­len 4–0 ut­dy. Ger­ma­ni­ýa bol­sa De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­ny Hals­ten­berg we Gnab­ri­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ýeň­li­şe se­ze­war et­di. “D” to­par­ça­da Gib­ral­tar ge­çi­ren 2 oý­nun­da to­ru­na 10 gol goý­ber­di. Olar il­ki Da­ni­ýa­dan 6–0, soň­ra Şweý­sa­ri­ýa­dan 4–0 utul­dy­lar. To­par­ça­da­ky beý­le­ki 2 du­şu­şyk bol­sa deň­lik­de gu­tar­dy (Ir­lan­di­ýa–Şweý­sa­ri­ýa: 1–1, Gru­zi­ýa–Da­ni­ýa: 0–0). “E” to­par­ça­da Slo­wa­ki­ýa­ny 4–0 utup, Azer­baý­jan bi­len deň­me-deň oý­nan Hor­wa­ti­ýa utu­gy­ny 10-a ýe­tir­di. 2–1 ha­sa­byn­da ta­mam­la­nan oýun­lar­da Uels Azer­baý­ja­ny, Slo­wa­ki­ýa bol­sa, Weng­ri­ýa­ny ýeň­di.
“F” to­par­ça­da 1-nji oýun­lar­da Şwe­si­ýa myh­man­çy­lyk­da Fa­rer ada­la­ryn­dan 4–0, Nor­we­gi­ýa Mal­ta­dan 2–0 üs­tün çyk­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ra­mos we Al­ka­se­riň gol­la­ry bi­len myh­man­çy­lyk­da Ru­my­ni­ýa­ny 2–1 ýeň­me­gi ba­şar­dy. 2-nji oýun­lar­da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy hem Fa­rer ada­la­ry­nyň to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi ge­çir­di. Gol­la­ry Rod­ri­go bi­len Al­ka­ser at­la­ry­na ýaz­dyr­dy. Şwe­si­ýa–Nor­we­gi­ýa Skan­di­naw der­bi­sin­de ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (1–1). Mal­ta­ny 1–0 ýe­ňen Ru­my­ni­ýa fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­ni do­wam et­dir­di. “G” to­par­ça­da bu 2 tap­gyr sa­na­wyň li­de­ri Pol­şa üçin şow­suz ta­mam­lan­dy. Myh­man­çy­lyk­da Slo­we­ni­ýa­dan 2–0 as­gyn ge­len pol­ýak­lar öz meý­dan­ça­syn­da-da Awst­ri­ýa bi­len gol­suz deň­me-deň oý­na­dy­lar. Awst­ri­ýa 1-nji oý­nun­da Lat­wi­ýa­ny 6–0 ha­sa­by bi­len ut­dy. Du­şu­şyk­da Ar­nau­to­wiç 2 gol ge­çir­di. Slo­we­ni­ýa 2-nji oý­nun­da Ys­ra­ýy­ly 3–2 ha­sap bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. “H” to­par­ça­da­ky oýun­lar Tür­ki­ýe we Fran­si­ýa üçin üs­tün­lik­li geç­di. 1-nji ha­tar­da bar­ýan Tür­ki­ýe il­ki An­dor­ra­ny 1–0, soň­ra myh­man­çy­lyk­da Mol­do­wa­ny 4–0 ut­dy. Fran­suz­laryň 2 oýun­da 7 gol ge­çi­rip, olar il­ki Al­ba­ni­ýa­ny 4–1, soň­ra An­dor­ra­ny 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­ler. Fran­suz­lar ge­çi­ren 7 go­lu­nyň 3-si­ni Kings­li Ko­man der­we­zä gi­riz­di. Il­ki Mol­do­wa­ny 3–0 ýe­ňen Is­lan­di­ýa 2-nji oý­nun­da Al­ba­ni­ýa­dan 4–2 utu­lyp, 3-nji bas­gan­ça­ga düş­di.

BELGIÝA, RUSSIÝA HEM-DE
ITALIÝA ARANY AÇÝAR
“I” to­par­ça­da Bel­gi­ýa bi­len Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry ep-es­li ara­ny aç­dy­lar. Ýeň­liş­siz bar­ýan Bel­gi­ýa myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ren 2 oý­nun­da-da gar­şy­daş­la­ry­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Gol­la­ry San Ma­ri­no­nyň to­run­dan Bat­şua­ýi (2), Mer­tens, Çad­li, şeý­le-de Şot­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň der­we­ze­sin­den Lu­ka­ku, Wer­ma­len, Al­der­wei­reld, De Bruý­ne ge­çir­di. Du­şu­şyk­lar­da De Bruý­ne gol pas­la­ry bi­len to­pa­ry­nyň ýe­ňiş­le­ri­ne uly go­şant goş­dy. Rus­si­ýa myh­man­çy­lyk­da Şotlandiýany 2–1 (Dzýu­ba 40, O’Don­nel 59 ö.d. — Mak­Ginn 11), öz meý­dan­ça­syn­da-da Ga­za­gys­ta­ny 1–0 (Fer­nan­des 89) ha­sa­byn­da ýeň­di.
“J” to­par­ça­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy edil Ang­li­ýa­dyr Is­pa­ni­ýa­nyň hem-de Bel­gi­ýa­nyň mil­li to­par­la­ry ýa­ly ýe­ke utuk hem ýi­tir­män gel­ýär. Myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ren 2 oý­nun­da Ita­li­ýa il­ki Er­me­nis­ta­ny 3–1 (Be­lot­ti 28, Lo. Pel­leg­ri­ni 77, Aý­ra­pet­ýan 80 ö.d. — Ka­ra­pet­ýan 11), soň­ra bol­sa, Finl­ýan­di­ýa­ny 2–1 (Im­mo­bi­le 59, Jor­ji­nio 79 p — Puk­ki 72 p) ýeň­di. To­par­ça­da 2-nji ýe­ri eýe­le­mek ug­run­da Finl­ýan­di­ýa, Er­me­nis­tan hem-de Bos­ni­ýa­nyň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär.