Formula1 boýunça möwsümiň 14-nji ýaryşy Italiýa “Gran Prisinde” “Ferrari” toparynyň ýaş piloty Şarl Lekler ýeňiş gazandy. Ýurduň Monza şäherçesinde geçirilen ýaryşda ilkinji hatardan bat alan Lekler 53 aýlawy 1 sagat 23 minut 722 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki hem-de karýerasyndaky bassyr 2-nji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, Lekler Italiýa “Gran Prisinde” “Ferrari” toparyna 9 ýyldan soň, ilkinji ýeňşini gazandyran sürüji boldy. Iň soňky sapar bu ýerde 2001-nji ýylda “Ferrari” toparynyň wekili hökmünde Fernando Alonso ýeňiş gazanypdy. Italiýa “Gran Prisinde” 2–3-nji orunlary Belgiýa “Gran Prisindäki” ýaly, ýene-de “Mercedes” toparynyň sürüjileri paýlaşdylar. Leklerden 0,8 sekunt yza galan finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji, 35,199 sekunt soň pellehanadan geçen britaniýaly Lýuwis Hamilton 3-nji orny eýeledi. “Renault” toparynyň sürüjileri Daniel Rikkiardo bilen Niko Hulkenberg degişlilikde, ýaryşy 4–5-nji orunlarda tamamladylar.
Ýene-de 6 bäsleşikden tamamlanjak Formula 1 ýaryşynda häzirki wagtda sürüjileriň sanawynda 268 utuk bilen Lýuwis Hamilton öňdeligini dowam etdirýär. Waltteri Bottasyň 206, Maks Werstappeniň bolsa 181 utugy bar. “Ferrariniň” sürüjileri Sebastian Wettel 169, soňky 2 ýaryşyň ýeňijisi Şarl Lekler 157 utuk toplady. Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 22-nji sentýabrda Singapurda geçiriler.