Fut­bol muş­dak­la­ry­nyň iň söý­gü­li ýa­ry­şy bo­lan UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne 17-nji sent­ýabr­da ba­dal­ga ber­ler. Şol gün UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 28-nji, umu­my­lyk­da ýa­ry­şyň 65-nji möw­sü­mi­niň to­par­ça­lar­da­ky il­kin­ji du­şu­şyk­la­ry oý­na­lar. 32 klu­buň çy­kyş ed­ýän ýa­ry­şy­na Ita­li­ýa­nyň “Ata­lan­ta” klu­by il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar. Ol Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çy­kyş et­jek 141-nji klub bo­lar. 32 to­par 16 ýur­da we­kil­çi­lik ed­ýär.
Ýa­ry­şa iň köp gat­na­şan klub­lar “Re­al Mad­rid” bi­len “Bar­se­lo­na” bo­lup, olar 28 möw­sü­mde 24-nji gezek to­par­ça­lar­da çy­kyş e­der­ler. To­par­ça­lar­da iň köp çy­kyş eden fut­bol­çy­lar Iker Ka­sil­ýas (94 oýun), Kris­tia­no Ro­nal­do (83 oýun) hem-de Ha­wi Her­nan­des­dir (80 oýun). To­par­ça­lar­da iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy­lar Lio­nel Mes­si (66 gol), Kris­tia­no Ro­nal­do (61 gol) hem-de Ka­rim Ben­ze­ma­dyr (43 gol). To­par­ça­lar­da­ky 6 du­şu­şy­gyň hem­me­sin­de ýe­ňiş ga­zan­mak “Mi­lan” (1992/93), PSŽ (1994/95), “Spar­tak Mosk­wa” (1995/96), “Bar­se­lo­na” (2002/03) hem-de “Re­al Mad­rid” (2011/12, 2014/15) klub­la­ry­na ba­şart­dy.
1-nji oýun­la­ra ser sal­sak, “A” to­par­ça­da PSŽ öz meý­dan­ça­syn­da “Re­al Mad­ri­di” ka­bul eder. “D” to­par­ça­da “At­le­ti­ko Mad­rid” bi­len “Ýu­wen­tu­syň” ara­syn­da­ky oýun hem jan­kö­ýer­le­riň esa­sy üns mer­ke­zin­de bo­lar. “E” to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on “Li­wer­pul” myh­man­çy­lyk­da “Na­po­li” bi­len du­şu­şar. “F” to­par­ça­da “Bar­se­lo­na” il­kin­ji du­şu­şyg­yny myh­man­çy­lyk­da Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy­nyň” gar­şy­sy­na ge­çi­rer. Bu du­şu­şyk­lar 1-nji tap­gy­ryň iň esa­sy oýun­la­ry ha­sap­la­nyp, olar 17–18-nji sent­ýabr­da Aş­ga­bat wag­ty bi­len 00:00-da baş­lar.