“Re­al Mad­ri­diň” ýaş­lar dü­zü­min­de fut­bo­la baş­lap, soň­lu­gy bi­len “Mal­ýor­ka”, “Bar­se­lo­na”, “In­ter”, “An­ži”, “Çel­si”, “Ewer­ton”, “Samp­do­ri­ýa”, “An­tal­ýas­por”, “Kon­ýas­por”, Ka­tar FK klub­la­ryn­da oý­nan Sa­mu­el Eto’o kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­dy. 1981-nji ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da Ka­me­run­da dün­ýä inen ýyl­dyz hü­jüm­çi klub­lar­da 759 oýun­da 370 gol ge­çir­di. 4 ge­zek Af­ri­ka­da ýy­lyň fut­bol­çy­sy saý­la­nan Eto’o Ka­me­ru­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len yk­ly­myň Mil­let­ler ku­bo­gy­ny 2 sa­par ýo­ka­ry gal­dyr­dy. Olim­pi­ýa çem­pio­ny hem bo­lan Eto’o Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny-da 3 ge­zek eýe­le­di.

Dün­ýä bel­li bi­at­lon­çy ze­nan, be­la­rus­ly, 33 ýa­şyn­da­ky Dar­ýa Dom­ra­ço­wa Hy­ta­ýyň bi­at­lon ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­len­di. Oňa ýan­ýol­da­şy, 45 ýa­şyn­da­ky nor­we­gi­ýa­ly dün­ýä ýyl­dy­zy Ule Eý­nar Býorn­da­len ýar­dam be­rer. Iki bi­at­lon­çy-da ge­çen ýyl pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­la­ry­ny ta­mam­lap­dy­lar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, no­bat­da­ky gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry 2022-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin­de ge­çi­ri­ler. Ýer eýe­si hök­mün­de çy­kyş et­jek hy­taý­ly bi­at­lon­çy­la­ry bu ta­ry­hy Olim­pia­da 2 sa­ny dün­ýä ýyl­dy­zy taý­ýar­lar.

Bel­gi­ýa­ly ten­nis­çi ze­nan Kim Kliýs­ters 8 ýyl­dan soň ten­ni­se gaý­dyp gel­mek­çi bol­ýar. 2012-nji ýyl­da ten­nis bi­len hoş­la­şan 36 ýa­şyn­da­ky Kliýs­ters kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 41 ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lup­dy. Şo­la­ryň 4-si “Uly tu­wul­ga” ýa­ryş­la­ry bo­lup, 3 ça­ga­sy bolan Kliýs­ters “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” 1, “Ame­ri­ka Açyk­da-da” 3 ge­zek ku­bo­gy eýe­le­di. Kliýs­ters 2020-nji ýyl­dan baş­lap, ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp ug­rar.

Ar­gen­ti­na­ly ozal­ky ro­wa­ýa­ty fut­bol­çy Die­go Ar­man­do Ma­ra­do­na ýe­ne-de tä­lim­çi­li­ge do­lan­dy. Iýun aýyn­da sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li, Mek­si­ka­nyň “Do­ra­dos” to­pa­ryn­da­ky tä­lim­çi­lik we­zi­pe­si­ni taş­lan Ma­ra­do­na öz ýur­du­nyň “Him­na­siýa de La Pla­ta” klu­by bi­len möw­sü­miň ahy­ry­na çen­li şert­na­ma bag­laş­dy. “Him­na­si­ýa” to­pa­ry 58 ýa­şyn­da­ky Ma­ra­do­nanyň tä­lim ber­jek 6-njy klu­by bo­lar.