Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda dünýäniň abraýly halkara guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisi öz işine başlady. Oňa Nigeriýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Tijani Muhammad-Bande başlyklyk eder. Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň başlanmagy mynasybetli geçirilen ilkinji sessiýanyň ýygnagyna BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş hem gatnaşdy. Ol öz çykyşynda agza döwletleriň wekillerini 74-nji mejlisiň başlanmagy bilen gutlap, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, ösüşi maliýeleşdirmek, ählumumy saglygy goraýşy gazanmak, ösüp barýan kiçi ada döwletlerini goldamak babatda geçiriljek 5 sany ýokary derejedäki ýygnagyň ähmiýeti barada durup geçdi. Bu ýygnaklar mejlisiň birinji hepdesinde guralar.
Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň Başlygy Tijani Muhammad-Bande hem öz gezeginde ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi, ykdysady we durmuş ösüş ugurlarynda netijeli ösüşleriň gazanylmagy, daşky gurşawyň goralmagy ýaly ugurlarda tagallalaryň ediljekdigini mälim etdi.
Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyny bellär. Guramanyň ýubileý ýylynyň döwletleriň arasyndaky jebisligiň has-da berkemegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň umumy ýygnagy 24-nji sentýabrda başlanýar. Onda 97 ýurduň döwlet Baştutany, 5 wise-prezident, 46 hökümet Baştutany we 38 ministr çykyş eder. Şeýle hem köp sanly ikiçäk duşuşyklar geçiriler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine Türkmenistan hem gatnaşýar. Türkmenistan öz gezeginde bu sessiýanyň belent münberinden ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş, suw, energetika, ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmegine gönükdirilen köp sanly teklipleri hem-de başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň garamagyna hödürlär.
73-nji mejlis netijeli boldy
Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň başlanmagynyň öň ýanynda 73-nji mejlis öz işini tamamlady. Oňa ekwadorly Mariýa Fernanda Espinosa başlyklyk edipdi. Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisiniň çäklerinde 347 Kararnama (Rezolýusiýa) kabul edildi. Şeýlelikde, bir ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň 108 plenar ýygnagy geçirildi. Mariýa Espinosanyň başlyklyk eden döwründe gender deňligi, durnukly ösüş, daşky gurşaw hem-de ummanlaryň hapalanmagyna garşy göreşmek ýaly ugurlara has köp üns berildi.
Gurbangeldi HAÝDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.