Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my – Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my ýe­tip gel­ýär. Şu ýyl biz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­ny ulu­dan bel­le­ýä­ris. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz özü­niň tä­ze ösüş ýo­lu­na ga­dam bas­dy. Şöh­rat­ly ta­ry­hy gah­ry­man­çy­ly­ga bes­le­nen mer­da­na hal­ky­my­zyň öz­baş­dak, Ga­raş­syz döw­let ba­ra­da­ky asyr­lar bo­ýy edip ge­len ar­zu­wy 1991-nji ýyl­da ha­syl bo­ldy. Ga­raş­syz­lyk mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­niň, il-gü­nü­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­niň we aba­dan­çy­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­dyr. Mer­da­na hal­ky­myz Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na ber­ka­rar­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň be­ýik baý­ra­my hök­mün­de aý­ra­tyn sar­pa goý­ýar.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ata Wa­ta­ny­myz sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­dy. “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly hem şan­ly wa­ka­la­ra baý bol­dy. Gah­ry­man Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, şä­her we oba ýer­le­ri­ni ös­dür­mek, ýur­dy se­na­gat­laş­dyr­mak, ulag-lo­gis­ti­ka dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ägirt uly tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Aş­ga­bat şä­he­rin­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk giň göw­rüm­li ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň, me­de­ni mak­sat­ly iri des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň eda­ra ediş mer­ke­zi­niň, ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de hä­zir­ki za­man, tä­ze döw­re­bap oba­la­ryň we şä­her­çe­le­riň düý­bi tu­tul­dy. Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Ahal we­la­ýa­tyn­da te­bi­gy gaz­dan dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ben­zin ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­ny se­na­gat­laş­dyr­mak­da ýe­ne-de bir mö­hüm ädim bol­dy. Şol bir ­wagt­da ylym-bi­lim, sport, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da hem uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet hem-de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň kon­sep­si­ýa­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Bu gün ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan se­bit­de yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze öw­rü­lip, eme­le ge­len döw­le­ta­ra me­se­le­le­ri­ni pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar bi­len çöz­me­gi tek­lip ed­ýän döw­let hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den öňe sü­ren hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ma­gy­nyň özi-de buý­sanç­ly su­but­na­ma­dyr.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şanly 28 ýyl­lyk baý­ra­my­ny ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak bi­len bel­le­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da eziz Di­ýa­ry­myz­da asyr­la­ra ba­ra­bar uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Ga­raş­syz döw­le­ti­miz dep­gin­li ös­ýär. Ýurdumyzda hal­kyň aba­dan, bo­le­lin we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üp­jün edilýär.

Nä­zik Hu­daý­ber­di­ýe­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.