Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny döretmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak barada ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Şu günler ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Zähmetsöýer daýhanlar “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynyň pagtaçylary pagta ýygymyna 11-nji sentýabrda girişen bolsa, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň edermen oba zähmetkeşleri 18-nji sentýabrda oba hojalyk möwsümine badalga berdiler.
Ýurdumyzyň edermen pagtaçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 28 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bereketli pagta hasylyny ýetişdirdiler. Şol ýetişdirilen pagtanyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy üçin “ak altynly” meýdanlarda zähmet ýeňişleri gaýnap joşýar. Bu möwsüme biraz gijräk goşulandygyna garamazdan, daşoguzly pagtaçylar hem öz öňlerinde goýan maksatnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ynamly zähmet çekýärler.
Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda 140 müň gektar meýdana gowaça ekildi. “Ak altynyň” 230 müň tonnasyny Watan harmanyna tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, “Serdar”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” we beýleki orta süýümli görnüşlerini ekdiler. Häzirki zamanyň oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň üznüksiz depginini üpjün eder. Meýdanlarda “John Deere” kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlar işledilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň öňdebaryjy belli kompaniýalaryndan dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlaryny yzygiderli satyn alyp bermegi netijesinde, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda we gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak işleri her ýyl hem guramaçylykly ýola goýulýar hem-de pagta hasylynyň kombaýnlar bilen ýygylýan möçberi barha artýar.
Hakberdi NURYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.