Golaýda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy bolup geçdi. Ýaşlaryň bu gezekki gurultaýynyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Çünki, hormatly Prezidentimiz berkarar Watanymyzyň geljeginiň ýurduň kuwwaty, mertebesi we abraýy bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydygyny nygtaýar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde iri senagat kärhanalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlar täze iş orunlary bilen üpjün edilýär.
Ýaşlaryň ruhy, ahlak we beden taýdan taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şöhratly pederlerimiziň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine esaslanýan ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýanyň durmuşymyza giňden ornaşmagy bilen ýaşlara halkara derejesinde okap bilim almaga, işlemäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz – ýaşlara diňe oňat okamak, netijeli işlemek galýar. Çünki, ýaşlara beýik geljek garaşýar.
Baýmyrat Gurbangulyýew,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.