15-nji sent­ýabr­da Tu­nis­de ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­lar­yn­da, da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si­niň 50%-den ýo­ka­ry ses alyp bil­män­di­gi üçin saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň saý­law ko­mis­si­ýa­sy ha­bar ber­ýär. Saý­law ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan je­mi 24 da­laş­gär bel­li­ge alyn­dy. Olar­dan ga­raş­syz da­laş­gär­ler hu­kuk bo­ýun­ça Ka­is Sa­id 19,5% hem-de me­di­ýa ägir­di Na­bil Ka­rui 15,5% ses bi­len ikin­ji tap­gy­ra çyk­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry 13-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­ler diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Ko­mis­si­ýa­­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu sy­ýa­sy çä­rä gat­na­şyk 35% bo­lup, saý­law­çy­la­ryň 28%-i ses ber­di­ler. Tu­nis­de ses ber­mä­ge hu­ku­gy bo­lan 7 mil­li­on­dan gow­rak adam bar. Ýurt­da ses ber­mek üçin 30 müň saý­law uças­to­gy ýo­la go­ýul­dy. Tu­ni­siň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, döw­let ýol­baş­çy­sy äh­lu­mu­my ses be­riş­lik ar­ka­ly 5 ýyl möh­let bi­len saý­lan­ýar.
Tu­nis Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Tu­nis şä­he­ri­dir. 24 we­la­ýat­ly bu döw­let Af­ri­ka­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýär. 2017-nji ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýurt­da 11 403 800 adam ýa­şa­ýar. Ýur­duň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ry­ny Or­taýer deň­zi ýuw­ýar, gün­ba­tar­da Al­žir, gü­nor­ta-gün­do­gar­da Li­wi­ýa bi­len ara­çäk­leş­ýär. Tu­nis yk­dy­sa­dy­ýe­ti ýo­ka­ry dep­gin bi­len ös­ýän ag­rar-se­na­gat ýur­du­dyr. 2014-nji ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýur­duň jemi içerki önümi 130 mil­liard dol­lar. Ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­si 12 müň dol­la­ra deň. Tu­nis 1956-njy ýy­lyň 20-nji mar­tyn­da ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­dy.