Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatynda 18-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Oýnalan 4 duşuşykda 11 gol hasaba alyndy. 3 oýunda ýer eýeleri, 1 duşuşykda-da myhmançylykdaky topar ýeňiş gazandy. Sanawyň lideri “Altyn asyr” öz meýdançasynda “Şagadamy” 2–0 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymda geçirilen gollary Mihail Titow (29) bilen Selim Nurmyradow (44) öz atlaryna ýazdyrdylar. Edil şeýle hasap bilen tamamlanan duşuşykda “Köpetdag” myhmançylykda “Nebitçini” ýeňlişe sezewar etdi. 7 futbolçynyň sary kart alan oýnunda paýtagt toparynyň gollaryny 11-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedow hem-de 90+1-nji minutda penaltiden Ýazgylyç Gurbanow derwezä girizdi. Tapgyryň iň uly tapawutly ýeňiş gazanan topary 2-nji hatarda barýan “Ahal” boldy. Golaýda tälimçilige Amangylyç Koçumowy bellän “Ahal” öz meýdançasynda “Energetik” toparyny kabul etdi. 4–0 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahalyň” gollarynyň ikisini Guwanç Abylow, beýlekileri-de Elman Tagaýew bilen Didar Durdyýew tora saldy. Aşaky orunlarda barýan “Aşgabat” bilen “Merw” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 2–1 ýeňiş gazandy. 29-njy minutda Batyr Täçnazarow “Aşgabady” öňe saýlady. Ýöne 1 minutdan soň, Döwlet Baýramow hasaby deňledi. Paýtagtyň adybir toparyna ýeňiş getiren goly 90+3-nji minutda Nazar Towalakow öz adyna ýazdyrdy.