ýaryşlarynyň üç uly bäsleşiginiň biri bolan “Vuelta a Espaňa”-da “Jumbo–Visma” toparynyň sloweniýaly türgeni Primož Rogliç ýeňiş gazandy. 29 ýaşyndaky türgen ilkinji gezek “Gran Tur” ýaryşynda çempion boldy. Ol 21 tapgyrdan ybarat bolan 3290,7 kilometr aralygy 83 sagat 7 minut 14 sekuntda tamamlady. 21 tapgyryň diňe birinde, ýagny 10-njy tapgyrda ýeňiş gazanan Rogliç şondan soň umumy sanawda öňe saýlanyp, ýaryş tamamlanýança-da ornuny saklamagy başardy. Rogliç “Gran Tur” ýaryşlarynda çempionlyk gazanan ilkinji sloweniýaly türgen boldy. Rogliçden 2 minut 33 sekunt az netije görkezen “Movistar” toparynyň ispaniýaly türgeni Alehandro Walwerde 2-nji, “UAE Team Emirates” toparyndan başga bir sloweniýaly Tadež Pogaçar 3-nji orny eýeledi. Kolumbiýaly meşhur welosportçular Nairo Kuintana (“Movistar”) bilen Migel Anhel Lopez (“Astana”) 4–5-nji ýerleri paýlaşdylar.
74-nji gezek geçirilen ýaryşda utuk toplamak boýunça Primož Rogliç, dag bäsleşikleri boýunça “AG2R La Mondiale” toparynyň fransiýaly türgeni Jeoffreý Buşar, ýaşlaryň arasynda bolsa, Tadež Pogaçar ýeňiji boldy.