Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň (WRC) şu ýyl­da­ky 11-nji tap­gy­ry Tür­ki­ýä­niň Mug­la we­la­ýa­ty­nyň Mar­ma­ris et­ra­byn­da ge­çi­ril­di. 318 ki­lo­met­re deň bo­lan ýa­ryş­da “Cit­ro­en To­tal” to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňiş ga­zan­dy. Onuň gör­ke­zen ne­ti­je­si 3 sa­gat 50 mi­nut 12,1 se­kun­da deň bol­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 47-nji ýeň­şi­dir. Ožie­den 34,7 se­kunt soň pel­le­ha­na­dan ge­çen “Cit­ro­en To­tal” to­pa­ry­nyň baş­ga bir sü­rü­ji­si, finl­ýan­di­ýa­ly Ese­pek­ka Lap­pi 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Mün­be­riň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na-da 3 sa­gat 51 mi­nut 16,6 se­kunt­lyk ne­ti­je gör­ke­zen nor­we­gi­ýa­ly And­re­as Mik­kel­sen (“Hy­un­dai Shell Mo­bis”) çyk­dy. Bu ýe­ňiş­den soň, utu­gy­ny 193-e ýe­ti­ren Se­bas­ti­an Ožie sa­na­wyň li­de­ri Ot­ta Ta­nak bi­len ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 17-ä dü­şür­di. 3-nji orun­da 180 utuk bi­len bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will bar­ýar. In­di­ki bäs­le­şik 3–6-njy okt­ýabr ara­ly­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.