18-nji iýul­da ýur­du­my­zyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň mas­la­hat­lar za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry we yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly yl­my işi­niň tä­ze ne­şir edi­len 8-nji jil­di­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.
Da­ba­ra Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Sport we Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­tet­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň, paý­tag­ty­my­zyň iri luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň we eda­ra­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, Türk­men döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň we beý­le­ki ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, tä­ze ne­şir hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýyl­da ba­şy­ny baş­lan we hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň köp dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­len düýp­li yl­my işi­niň do­wa­my bo­lup dur­ýar. Tä­ze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­lar “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” ki­ta­by­nyň dö­re­dil­me­gi­niň di­ňe bir ýur­du­my­zyň der­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň däl, eý­sem, dün­ýä fi­to­te­ra­pi­ýa­sy­nyň ösü­şin­de mö­hüm ädim bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Çün­ki ol ýur­du­my­zyň ösüm­lik dün­ýä­si­niň ha­ky­ky en­sik­lo­pe­di­ýa­sy­dyr.
Bu ki­ta­byň dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi ne­şi­riň örän gym­mat­ly­dy­gy­nyň we meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Der­man­lyk ösüm­lik­le­riň we halk luk­man­çy­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly en­sik­lo­pe­di­ýa­sy bo­lan bu ne­şir mil­li­on­lar­ça oky­jy­la­ra ni­ýet­le­nip, ol adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­sy­na, şol san­da luk­man­çy­lyk ul­ga­my­na ägirt uly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si we ýö­rel­ge­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga oňaý­ly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­riň yl­my taý­dan be­ýan edil­me­gi­niň do­wa­my bo­lan yl­my işiň se­ki­zin­ji jil­din­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz der­man­lyk ösüm­lik­le­riň 108-si­niň elip­biý ter­ti­bin­de ýer­le­şi­şi­ni, ola­ryň bio­lo­gik we hi­mi­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň be­ýa­ny­ny, ola­ry yl­my we halk luk­man­çy­ly­gy esa­syn­da peý­da­lan­ma­gyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýer­leş­di­rip­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň düýp­li yl­my işi­niň se­ki­zin­ji jil­di köp­çü­lik­le­ýin nus­ga­da Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň Met­bu­gat mer­ke­zin­de ne­şir edil­di. Bu ki­tap di­ňe bir luk­man hü­när­men­le­re we far­ma­ko­log­la­ra däl, eý­sem, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen­dir. Bu ki­ta­byň si­ziň yg­ty­bar­ly we hoş­ni­ýet­li mas­la­hat­çy­ňyz bol­jak­dy­gy­na, türk­men te­bi­ga­ty­nyň be­je­ri­ji baý güý­jü­ni ne­ti­je­li ulan­mak ba­bat­da anyk ýö­rel­ge bol­jak­dy­gy­na we uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da sag­dyn­ly­gy, ýaş­ly­gy hem-de gö­zel­li­gi sak­la­ma­ga kö­mek et­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn di­ýip, aw­tor oky­jy­la­ra ýüz­len­me­sin­de bel­le­ýär.