Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy bo­lan San Ma­ri­no “Gran Pri­sin­de” sa­na­wyň li­de­ri, “Rep­sol Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol Ita­li­ýa­nyň Ri­mi­ni şä­he­rin­dä­ki Mi­sa­no Mar­ko Si­mon­çel­li adyn­da­ky Hal­ka­ra tras­sa­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 27 aý­la­wy 42 mi­nut 25,163 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 51-nji ýeň­şi bol­dy. Mar­kes­den 0,9 se­kunt yza ga­lan fran­si­ýa­ly Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro (“Pet­ro­nas Ya­ma­ha”) bi­len 1,6 se­kunt soň pel­le­ha­na­dan ge­çen is­pa­ni­ýa­ly Ma­we­rik Win­ýa­les (“Mons­ter Ener­gy Ya­ma­ha”) de­giş­li­lik­de, 2–3-nji ýer­le­ri eýe­le­di­ler. Ge­çi­ri­len 13-nji ýa­ryş­dan soň, sü­rü­ji­le­riň sa­na­wyn­da bi­rin­ji ha­tar­da bar­ýan Mark Ma­rkes utu­gy­ny 275-e ýe­ti­rip, ara­ta­pa­wu­dy 100 utu­ga çenli go­laý­lat­dy. 2–3-nji orun­lar­da­ky ita­li­ýa­ly sü­rü­ji­le­riň And­rea Do­wi­zio­so bi­len Da­ni­lo Pet­ruç­çi­niň de­giş­li­lik­de, 182 hem-de 151 utu­gy bar. Is­pa­ni­ýa­ly Aleks Rins (149 utuk) bi­len Ma­we­rik Win­ýa­les (134 utuk) 4–5-nji ýer­le­ri paý­laş­ýar­lar. Möw­sü­miň 14-nji ýa­ry­şy er­tir, ýag­ny 22-nji sent­ýabr­da Ara­go­n­da (Is­pa­ni­ýa) ge­çi­ri­ler.