Sent­ýabr aýy­nyň 18-ine Tai­lan­dyň Pat­ta­ýa şä­he­rin­de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça 85-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty bat al­dy. 100 ýurt­dan 600-den gow­rak päl­wa­nyň gat­naş­ýan çem­pio­na­tyn­da il­kin­ji 2 gü­nüň ne­ti­je­si bo­ýun­ça hy­taý­ly agyr at­le­ti­ka­çy­lar öň­de bar­ýar. Umu­my ne­ti­je­ler bo­ýun­ça olar 2 al­tyn me­dal ga­zan­dy­lar. Er­kek­le­riň ara­syn­da Li Fa­bin (61 kg) 2 dün­ýä re­kor­dy bi­len al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. 55 kg ag­ram­da çy­kyş eden Om Ýun-çol (KHDR) hem 2 re­kord bi­len al­tyn me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da tür­ki­ýe­li Şa­zi­ýa Er­do­gan (45 kg) hem-de hy­taý­ly Ži­an Hui­hua (49 kg) al­tyn me­dal ga­za­nan tür­gen­ler bol­dy. Umu­my­lyk­da 20 ag­ram (er­kek­ler 10, ze­nan­lar 10) bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çem­pio­nat 27-nji sent­ýabr­da ta­mam­la­nar.

ABŞ-nyň Las We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ri­len boks tut­lu­şy­gyn­da Be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly Taý­son Fýu­ri şwe­si­ýa­ly Ot­to Wal­lin­den üs­tün çyk­dy. 12 raund­da ta­mam­la­nan du­şu­şyk­da ýe­ňi­ji emin­le­riň kes­git­län ne­ti­je­si bo­ýun­ça mä­lim edil­di. Üç emi­niň ge­len ne­ti­je­si esa­syn­da 118:110, 117:111, 116:112 ha­sap­lar bi­len Fýu­ri kar­ýe­ra­syn­da­ky 30-njy du­şu­şy­gyn­da 29-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýe­ňi­ji 1 mil­li­on, ýeň­len 250 müň dol­lar­lyk pul sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy. 28 ýaş­ly Wal­lin 22-nji tut­lu­şy­gyn­da il­kin­ji ýo­la as­gyn gel­di.

Gel­jek hep­dä­niň an­na gü­ni has ta­ky­gy, 27-nji sent­ýabr­da Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça 17-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty baş­lar. 6-njy okt­ýabr­da ta­mam­lan­jak çem­pio­na­ta 205 döw­let­den 2 mü­ň töweregi tür­gen gat­na­şar. Tür­gen­ler umu­my­lyk­da ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň 25 gör­nü­şi bo­ýun­ça öza­ra bäs­le­şer­ler. Ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ryş­la­ry Kha­li­fa hal­ka­ra sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler.