Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bi­lim ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek hem-de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak üçin ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bi­lim ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek hem-de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak üçin ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri açyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da 12 ýyl­lyk umu­my or­ta bi­li­me geç­me­giň, san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­r do­wam et­di­ril­ýär. Bu aý­dy­lan­la­ra şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we ta­lyp ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra ders we tas­la­ma bäs­le­şik­le­rin­de üs­tün­lik­li çy­kyş edip, bir­nä­çe me­dal­la­ry we baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­mek­le­ri hem şa­ýat­lyk ed­ýär.
Maglumatlara salgylanyp:
– Bi­lim ul­ga­my­nyň hil taý­dan döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ba­ba­tyn­da, mek­dep­le­riň okuw ter­tip­na­ma­sy­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esas­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti, mo­de­lir­le­mek we gra­fi­ka, mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar ýa­ly sa­pak­lar gi­ri­zil­di.
– San­ly ul­ga­ma geç­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak we­zi­pe­le­ri ýur­du­myz­da hi­mi­ýa­ny, bio­lo­gi­ýa­ny we beý­le­ki sa­pak­la­ry çuň­laş­dy­ryp öw­ren­mä­ge gö­nük­di­ri­len ýö­ri­te­leş­di­ri­len or­ta mek­dep­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni şert­len­dir­di.
– Ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän iň­lis, fran­suz, ne­mes, ýa­pon we beý­le­ki dil­le­ri çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän mek­dep­le­r okuw­çy­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuňňur öwrenmegine, köp­ta­rap­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gi­ni gi­ňelt­mä­ge we ok­gun­ly ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Mekdep okuwçylary:
Hal­ka­ra ders we tas­la­ma bäs­le­şik­le­rin­de 136 me­dal (33 al­tyn, 31 kü­müş we 72 bü­rünç),
Hal­ka­ra in­ter­net bäs­le­şik­le­rin­de 108 me­dal (52 al­tyn, 22 kü­müş, 34 bü­rünç) ga­zan­dy­lar.
Ta­lyp­ ýaşlar:
Hal­ka­ra ders bäs­le­şik­le­rin­de 29 me­da­la (5 al­tyn, 10 kü­müş, 14 bü­rünç) we 23 dip­lo­ma,
Hal­ka­ra in­ter­net bäs­le­şik­le­rin­de 153 me­da­la (30 al­tyn, 64 kü­müş, 59 bü­rünç) we 67 dip­lo­ma my­na­syp bol­du­lar.
Tä­ze okuw ýy­lyn­da or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne 9063, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne 12242 ta­lyp ka­bul edil­di.
Je­mi 2800 orun­lyk 5 sa­ny or­ta mek­dep (Ahal we­la­ýa­tyn­da 2, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 1, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 2), şeý­le hem Aş­ga­bat­da ça­ga­lar ba­gy açyl­dy.