Ila­tyň baş sag­ly­gy ýur­duň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, ýa­şa­ýyş-dur­muş derejesiniň iň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-gü­nü­mi­ziň sag­ly­gy ug­run­da­ky ýa­daw­syz ala­da­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry “Sag­lyk” döw­let mak­sat­na­ma­syn­da aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­dy. Ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da iş­le­ýän eda­ra­la­ryň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, be­je­ri­şiň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak­da, hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni kö­pelt­mek­de, oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy.
Aja­ýyp döw­rü­miz­de sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan nus­ga­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edi­len ul­ga­ma öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, sag­lyk öý­le­ri, has­sa­ha­na­lar, “Ene mäh­ri” mer­kez­le­ri, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we sa­gal­dyş des­ga­la­ry, şy­pa­ha­na­lar yzy­gi­der­li gu­rul­ýar. Sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň yn­san sag­ly­gy üçin be­je­ri­ji­lik hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan köl­le­re, der­man­lyk ösüm­lik­le­re baý kün­jek­le­ri ha­sap­lan­ýan Mol­la­ga­ra, Arç­man, Ýy­ly­suw, Baý­ra­ma­ly, Fa­rap, Da­şo­guz şy­pa­ha­na­la­ry te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len dür­li dert­le­re mel­hem bo­lup, di­ňe bir öz ili­mi­ziň ara­syn­da däl, eý­sem, tu­tuş Azi­ýa se­bi­tin­de giň meş­hur­lyk ga­zan­dy. Tä­ze gur­lan sag­lyk des­ga­la­ryn­da we dur­ky tä­ze­le­nen mer­kez­ler­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ösen döw­let­le­ri bo­lan ABŞ-da, Ger­ma­ni­ýa­da, Fran­si­ýa­da, Ýa­po­ni­ýa­da ön­dü­ri­len sag­lyk ul­ga­my­na de­giş­li hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy sag­ly­gy di­kel­diş hyz­mat­la­ry­ny alyp bar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Ýur­du­myz­da yn­san öm­rü­niň or­ta­ça ýaş do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, ke­sel­le­ri wag­tyn­da anyk­lap, öňü­ni al­mak, ne­ti­je­li be­jer­mek üçin äh­li oňaý­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ýa­ly wa­jyp iş­ler bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gin­de elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy ul­ga­my­ny ýaý­baň­lan­dyr­mak işi hem kä­mil hä­si­ýe­te eýe bol­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de ösen ýur­duň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da sta­tis­ti­ka ul­ga­my­ny hal­ka­ra ülňülerine laýyk ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len elekt­ron res­mi­na­ma­lar ila­ty il­kin­ji, has­sa­ha­na, şy­pa­ha­na, sag­ly­gy go­ra­ýyş kö­mek­le­ri bi­len üp­jün ed­ýän äh­li de­re­je­dä­ki eda­ra­lar­da, şol san­da der­man­ha­na­lar­da do­lan­dy­ryş bö­lüm­le­riniň ara­syn­da­ky mag­lu­mat ara­gat­na­şy­gy­ny saz­laş­dy­rar. Sag­lyk öý­le­ri we has­sa­ha­na­lar­da nä­sag­la­ryň ýüz­tut­ma­la­ry­ny, gat­na­wy­ny, ke­sel­çi­li­gi we be­jer­gi alan nä­sag­la­ryň ha­sa­ba­ty­ny, yzy­gi­der­li dis­pan­ser gö­zeg­çi­li­gin­de du­ran hro­nik we aý­ra­tyn ýi­ti ke­sel­li nä­sag­la­ryň ha­sa­ba­ty­ny ýö­ret­mä­ge, luk­ma­nyň me­ýil­leş­di­ri­len iş ag­ram­ly­ly­gy­ny ha­sap­la­ma­ga, Döw­let ha­sa­bat gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek­li­gi üp­jün et­mä­ge we ha­sa­bat gör­nüş­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Elekt­ron mag­lu­mat ul­ga­my­nyň çalt he­re­ke­ti komp­ýu­ter­le­riň, prin­ter­le­riň we anyk­la­ýyş-bar­lag­ha­na en­jam­la­ry­na birikdirilen komp­ýu­ter­le­riň kömegi bilen sag­ly­gy go­raý­şyň gu­ra­ly­şy­nyň “muş­dak-ser­wer” gur­şa­wy­nyň ojak­la­ýyn ha­sap­la­ýyş to­ru­nyň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu ila­ta be­ril­ýän ýo­ka­ry de­re­je­li be­je­riş-anyk­la­ýyş kö­me­gi­niň hi­li­ni we ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, be­je­riş-anyk­la­ýyş hyz­mat­la­ry­nyň usul­la­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy we ola­ra be­ril­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş kö­mek­le­ri ba­ra­da ta­kyk ha­sa­bat mag­lu­ma­ty hem-de luk­man­çy­lyk mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga, sel­jer­mä­ge mümkinçilik berýär. Bu ul­gam ar­ka­ly ke­se­li anyk­la­mak­da, be­jer­mek­de ze­rur bo­lan ýag­daý­da uzak ara­lyk­da­ky nä­sag­la­ra ze­rur bo­lan mas­la­hat­la­ry we tek­lip­le­ri ber­me­gi ýo­la goý­ma­ga şert döredýär. Elekt­ron mag­lu­mat ul­ga­my sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da nä­sag­la­ry gat­naw we ýa­tym­la­ýyn şert­ler­de bar­la­mak, be­jer­mek ne­ti­je­sin­de alyn­ýan mag­lu­mat­lar aky­my­ny do­lan­dyr­mak ar­ka­ly ke­sel­le­riň ýaý­raw­ly­ly­gy­ny sel­jer­mek iş­le­ri­ne gol­daw ber­ýär. Bi iş­de luk­man be­je­riş-öňü­ni alyş we be­je­riş-anyk­la­ýyş iş­le­ri­ni me­ýil­leş­di­rip, gat­naw we ýa­tym­la­ýyn şert­ler­de be­jer­gi al­ýan nä­sa­gyň luk­man­çy­lyk kar­ta­sy­nyň elekt­ron gör­nü­şi­ni gi­riz­ýär we mag­lu­mat­la­ryň dö­re­ýän ýe­rin­de anyk­la­ýyş şe­kil­le­riň ýe­ke-täk top­lu­my­ny dö­red­ýär. Mu­nuň özi luk­man­çy­lyk mag­lu­mat­la­ry­nyň des­lap­ky el­ýe­ter­li­li­gi­ni, daş­ky we iç­ki wir­tu­al gör­nüş­dä­ki luk­man­çy­lyk mas­la­hat­la­ry res­mi­na­ma­la­ry­nyň ýe­ke-täk nus­ga­da ýö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rer.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: “Biz “Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2011-2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de öz­gert­me­gi we kä­mil­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýa­rys. Öň­de du­ran we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, gel­jek­de be­je­riş-öňü­ni alyş iş­le­ri has-da kä­mil­leş­di­ri­ler, luk­man­çy­lyk yl­my we bi­li­mi, der­man se­na­ga­ty ös­dü­ri­ler, tä­ze sag­lyk bi­na­la­ry, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gur­lar, ola­ryň bin­ýa­dy döw­re­bap en­jam­la­ryň ha­sa­by­na yzy­gi­der­li ber­ki­di­ler” diý­mek bi­len, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň gel­jek­de has-da öňe iler­le­jek­di­gi­ni be­ýan ed­ýär.
21-nji iýul­da – Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Hal­ka­ra Sag­lyk mer­ke­zi­niň mü­dir­li­gi­niň Hal­ka­ra new­ro­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, Mor­fo­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bu ul­ga­my­nyň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän­dir.
Biz ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ne­ti­je­li do­lan­dyr­ma­ga, luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da ha­bar­na­ma­la­ry we mag­lu­mat­la­ry top­la­mak­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly til­si­mat­la­ry or­naş­dyr­ma­ga, be­je­ri­li­şiň we bi­lim al­mak­ly­gyň diss­tan­si­on gör­nüş­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Ça­ry KO­KA­NOW,
Ma­ry we­la­ýat Diş mer­ke­zi­niň luk­ma­ny.