Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan tebigy baýlyklaryny umumy bähbit üçin ulanmaga çalyşmak bilen, durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde energiýa howpsuzlygynyň ählumumy gurluşyny kemala getirmäge uly goşant goşýar.
Ýurdumyz ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany amala aşyrýar, energiýa serişdeleriniň köpugurly eksport düzümini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirýär. Şunda Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisini mysal hökmünde görkezmek bolar, onda Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek pikiri hem öz beýanyny tapdy.
Ýene bir aýdyň mysallaryň biri – gurluşygy dowam edýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna “mawy ýangyjy” uzakmöhletleýin ugratjak täze energetika ulgamy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer.
Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna, şol sanda Russiýa, Hytaýa, Eýrana eksportyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwata eýedir. Ägirt uly “Galkynyş” gaz käni munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu käniň gorlary häzirki wagtda 26 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkäp, bu ulgamyň ösdürilmegine ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär. Toplumyň pudaklarynda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, olaryň iş öndürijiligini artdyrmak möhüm talap bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 104,7 göterim ýerine ýetirildi.
Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. Golaýda işe girizilen döwrebap gazhimiýa toplumlary – Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän, Garabogazdaky karbamid çykarýan zawodlary, şeýle hem Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän toplumy muňa aýdyň mysaldyr.
Mahlasy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz hormatly PrezidentimizIň parasatly baştutanlygynda netijeli, täzeçil daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly, saýlap alan döredijilikli ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýar, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşant goşýar.