Beýik Britaniýaly syýahatçy Saýmon Wilson 7 günde 50 müň kilometr menzil aşyp, dünýäniň 7 täsinligine aýlanyp çykdy. Ol bu syýahatyna ýany bilen kiçiräk el torbasyny hem-de foto enjamyny aldy. Ol bu gezelenjiniň dowamynda diňe 2 gün adaty krowatda ýatdy. Onuň galan günleri uçarda, takside we beýleki ulag serişdelerinde geçdi. Şol döwürde awiakompaniýalaryň hödürlän tagamlary bilen naharlandy.
Saýmon bu syýahatyna Mançester şäheriniň howa menzilinden başlap, ilki bilen Italiýanyň Rim şäherine baryp, ol ýerde Kolizeý binasyny synlady. 2 sagatdan soňra Müsüre uçdy. Müsürde 5 sagat myhmanhanada dynç alyp, soňra piramidalary aýlanyp çykdy. Soňra Iordaniýa gidip, ol ýerde gadymy Petra şäherine baryp gördi. Gezelenjiniň dördünji gününde Saýmon Hindistana gidip, Täçmahala baryp gördi. Soňra Pekine rowana bolup, beýik Hytaý diwaryna çykdy. Syýahatynyň altynjy güni Meksika uçup, gadymy Çiçen-Isa şäherine baryp gördi we soňra Braziliýadaky Isanyň heýkelini synlady.
Döwlet KOWUSOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.