Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň dü­zü­min­dä­ki Da­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ guralan toý da­ba­ra­sy ýat­da ga­ly­jy wa­ka­la­ra bes­len­di. Bu ba­ra­da «Derbent täzelikleri» ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
Res­pub­li­ka­nyň Der­bent şä­he­rin­de bir­ba­da 30 jü­bü­tiň toý dabarasy gu­ra­lyp, oňa 10 müň­den gow­rak myh­man gat­naş­dy. Ni­ka to­ýu­ny tu­tan ýaş­lar Da­gys­tan­da ýa­şa­ýan 16 mil­le­te we­kil­çi­lik et­di­ler. Şeý­le­lik­de, bu toý da­ba­rasyn­da 2 sa­ny dün­ýä re­kor­dy tä­ze­len­di. Ol köp mil­let­li hem-de iň köp myh­ma­nyň gat­na­şan ni­ka to­ýy hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.