Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Tükmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary, talyp ýaşlary üçin täze okuw ýyly we milli Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýy ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi döredilip, bu ýerde geçirilýän işjeň duşuşyklar aýdym-sazly çykyşlar bilen ugtaşýar. Oňa ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärleri, ussat heýkeltaraşlar işjeň gatnaşýarlar. Milli aýdym-saz sungatymyz hakynda yzygiderli alada edýän Arkadag Prezidentimize aýdylýan alkyşlar guralýan duşuşyklarda edilýän çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Şu ýerde Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýiniň Arkadag Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda döredilendigini guwanç bilen aýtmalydyrys. Milli opera sungatymyzyň kerwenbaşysynyň bu ýerde döredilen muzeýi talyp ýaşlaryň, aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanýanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Konserwatoriýanyň agzybir işgärleri gysga wagtyň içinde halypanyň manyly ömrüne, nusgalyk döredijiligine degişli muzeý eserleriniň ýüzlerçesini tapyp, olary rejeläp, ýerbe-ýer edip goýdular. Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz-etnografiki bölüminiň uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýew täze açylan muzeýi zerur zatlar bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň döwlet arhiwiniň, Maýa Kulyýewanyň garyndaşlarynyň, şeýle hem Diýarymyzyň belli medeniýet we sungat ussatlarynyň, Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň işgärleriniň ýakyndan goldaw-kömek bermekleri netijesinde ýüzlerçe gymmatlyklaryň toplanandygyny gürrüň berdi.
Muzeýiň bosagasyndan ätläniňde halypa opera aýdymçysynyň aýdyp giden aýdymlarynyň ýazgylary ýakymly owaz bolup kalbyňa ornaşýar. Muzeýiň töründe Maýa Kulyýewanyň nurana keşbi siňdirilen heýkeli ýerleşdirilipdir. Maýa Kulyýewanyň döredijilik akabasy köpler üçin görelde mekdebidir.
– Milli operamyzyň düýbüni tutan artistlerimiziň biri, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa köp sanly opera aýdymçylarynyň halypasydyr. Men hem ony halypam hasaplaýaryn. Çünki, ýörite sazçylyk mekdebinde okanymda hem, soňra ýokary bilim almak üçin institutda okan döwrümde hem onuň tejribe sagatlaryna yzygiderli gatnaşypdym. Şunlukda, halypa-şägirtlik döredijilik hyzmatdaşlygymyz rowaçlanyp gitdi – diýip, Türkmenistanyň halk artisti A.Çaryýew ýatlaýar.
“Kemine we Kazy” operasynda Maýa Kulyýewa janlandyran keşbiniň üsti bilen türkmen aýal-gyzlaryna mahsus bolan häsiýetleri açmagy başarýar. Maýa Kulyýewanyň gazanan üstünlikleri milli operalaryň repertuarynda çykyş etmek bilen çäklenilmeýär. Ol opera aýdymçy artistleriniň içinde daşary ýurt kompozitorlarynyň operalarynda baş keşplerde oýnamaga mümkinçilik gazanan ilkinji aýdymçy bolýar hem-de birnäçe täsin sahna keşplerini döredýär. Şonuň üçin onuň döredijiligi özboluşly akademiýadyr.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen milli operamyza giň ýol açyldy. Halypalaryň halypasy Maýa Kulyýewa öz kärdeşlerine baş bolup we Arkadag Prezidentimiziň ýardamyndan ruhlanyp, ýaşlary bir ýere jemläp, opera sungatyna täzeden jan berdi.
Türkmen milli operasynyň öçmejek ýyldyzy Maýa Kulyýewanyň döredijilik mekdebi diňe bir opera aýdymçylary üçin däl, eýsem, kompozitorlar, sazandalar üçin hem nusgalykdyr. Bu barada Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kafedra müdiri Orazgül Annamyradowa şeýle ýatlaýar: “Men instituty tamamlap, işe başlan döwrümde Türkmenistanyň halk artistleri Medeniýet Şahberdiýewa, Roza Töräýewa, Aýdogdy Gurbanow ýaly belli aýdymçylarymyza sazandarlyk edýärdim. Şol konsertleri diňlemäge Maýa halypamyz hem yzygiderli gelýärdi. Konsert tamamlanandan soň, ol her gezek ýanymyza gelip sagbolsun aýdyp, hünärimizde has-da kämilleşmegi arzuw ederdi. Soň pikir edip otursam şol hoş sözler halypanyň öz şägirdine berýän ak patasy eken.”
Hormatly Prezidentimiziň milli sungatymyzy kämilleşdirmek baradaky ýörelgelerinden ugur alnyp döredilen täze muzeý Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň nusgalyk ömür döredijiligine, sungatyna bagyşlanan mekdebe öwrüldi. Şular ýaly terbiýeçilik ähmiýetli işleri ýola goýup, milli aýdym-saz sungatymyzyň döredijilikli ösmegine yzygiderli ýardam berýän milli Liderimize alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Rejepmyrat Annamyradow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.