Öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda dünýäde 5G ulgamly telefonlaryň bazarynyň gerimi has-da giňär. Bu barada “Strategy Analytics” kompaniýasy habar berýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde sanly ulgam hem-de ähli ugurlarda sanlaşdyrmak işleri okgunly ösüşe eýe bolýar. Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, tamamlanýan ýylda ykjam telefonlaryň satuwynyň 1 göterimini 5G ulgamly telefonlar eýeleýär. Emma indiki ýyl bu görkezijiniň 10 esse artyp, 10 göterime ýetmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda 5G ulgamyny işjeň durmuşa ornaşdyrmakda Koreýa Respublikasy öňdeligi eýeleýän hem bolsa, Hytaýyň bu ugurda yza galmak niýeti ýok. Hytaý bu ugurda bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy maksat edinip, bazar bahasy gymmat bolmadyk 5G ulgamly telefonlar bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. 5G ulgamly telefon önümçiliginde kompaniýa derejesinde öňdeligi Koreýanyň “Samsung” firmasy eýeleýär. Muňa kompaniýanyň önümlerine Koreýada we ABŞ-da islegiň ýokary bolmagy ýardam etdi. “Samsung”-yň 5G ulgamly telekommunikasiýa enjamlary bazaryndaky paýy 37 göterime deň bolan bolsa, Hytaýyň “Huawei” kompaniýasynyň paýy 28 göterime, Şwesiýanyň “Ericsson” firmasynyň paýy 27 göterime we Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasynyň paýy 8 göterime deňdir. Bilermenleriň çaklamalarynyň netijesine görä, 5G ulgamly enjamlara bolan isleg Hytaýda, ABŞ-da, Günbatar Ýewropa ýurtlarynda we beýleki ösen sebitlerde has hem artjakdygy mälim edilýär.
Şeýle hem 5G ulgamy ykdysady taýdan hem bähbitli bolar. Bilermenleriň barlaglarynyň netijesine görä, diňe ABŞ-nyň özünde bu ulgam 3 million täze iş ornunyň döremegine hem-de ýurduň jemi içerki önümine 500 milliard dollara çenli goşmaça girdeji gazandyrmaga mümkinçilik berer. Tutuş dünýä boýunça 5G tehnologiýasynyň söwdasyndan birnäçe öňdebaryjy pudaklara 12,3 trillion dollar girdeji gazandyrmaga hem-de 2035-nji ýyla çenli 22 million iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.
Annadurdy BERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.