Aw­to­mo­bil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len bel­li bo­lan “Bosch” fir­ma­sy ene-ata­la­ryň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­di. Mun­dan beý­läk, elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ça­ga ara­ba­la­ry peý­da bo­lar. Mu­nuň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy iş­läp düz­di. “Bosch” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan ça­ga ara­ba­la­ry öz güý­ji bi­len he­re­ket eder. Ol iki sa­ny elekt­rik motory bi­len he­re­ket eder. Bu teh­no­lo­gi­ýa ara­ba­la­ryň yz­ky ti­gir­le­ri­ne ýer­leş­di­ril­di. Ola­ra 2 sa­ga­dyň için­de zar­ýad ber­mek bo­lar. Şon­dan soň onuň bi­len 15 ki­lo­metr ýol geç­mek müm­kin­çi­li­gi dö­re­ýär.
Şeý­le hem ça­ga ara­ba­la­ry “akyl­ly” teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len hem ta­pa­wut­la­nar. Me­se­lem, ol bar­ýan ug­ry dürs däl bol­sa ýa-da ýo­ka­ryk çykmaly bo­lan­da aw­to­ma­ti­ki ýag­daý­da ene-ata­la­ra duý­du­ryş ber­ýär. Şeý­le hem ol aşak düş­me­li bo­lan­da ti­gir­le­riň aý­la­nyş he­re­ke­ti­ni öz­baş­dak ha­ýal­lad­ýar. Şeý­le hem ony smart­fon­lar bi­len hem do­lan­dyr­mak bo­lar. Ol hem ça­ga ara­ba­sy­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da yzy­gi­der­li mag­lu­mat be­rip du­rar. Bu tä­ze teh­no­lo­gi­ýa uzak ara­ly­ga gid­ýän ene-ata­lar üçin has amat­ly bo­lar. Hä­zir­lik­çe bu ugur­da sy­nag ge­çi­ril­di. In­di­ki ýyl­dan baş­lap, “Bosch” kom­pa­ni­ýa­sy Şwe­si­ýa­nyň “Em­mal­jun­ga” fir­ma­sy bi­len bu in­no­wa­si­on ha­ry­dy ba­za­ra çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýär.