Pekinde dünýäniň iň uly täze halkara howa menzili açylyp ulanmaga berildi. “Dasin” howa menzili ozalky meýilnama boýunça 30-njy sentýabrda ulanmaga berilmelidi, ýöne ol 25-nji sentýabrda ilkinji gatnawlary amala aşyryp başlady. Bu taslama Hytaýyň raýat awiasiýasynyň taryhynda iň gymmady bolup, onuň gurluşygyna 80 milliard ýuan (11,7 milliard dollar) maýa goýuldy. Täze aeroport Pekiniň merkezinden 46 kilometr uzaklykda günorta tarapda ýerleşýär.
Aeroportuň açylan pursatyndan beýläk hyzmat ediş mümkinçiligi ýylda 45 million töweregi ýolagça deň bolup, ol 2025-nji ýylda 72 million ýolagça, 2040-njy ýylda bolsa, 100 million ýolagça hyzmat eder diýlip garaşylýar. Şeýle hem bu howa menzili arkaly ýylda 2 million tonna ýük gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Paýtagtyň täze aeroportunyň gurulmagynyň esasy maksady dünýäniň iň gatnawly howa menzilleriniň biri bolan, “Şoudu” halkara aeroportunyň işini ýeňilleşdirmekden ybaratdyr. Täze aeroport bilen onuň arasy 67 kilometre deňdir. Howa menzili üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri öz içine alýan täze taslamanyň çäginde dört sany uçuş-gonuş zolagy bar. Bu aeroportuň ululygynyň takmynan, 25 sany futbol meýdançasyna deňdigi aýdylýar. Desga Hytaýda bagtyň nyşany saýylýan kaknus guşunyň görnüşinde bina edilipdir.
Hoşgeldi ORAZGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.