Formula 1 boýunça möwsümiň 16-njy ýaryşy Russiýanyň Soçi şäherinde geçirildi. Şäheriň adybir trassasynda geçirilen bäsleşikde 53 aýlawy 1 sagat 33 minut 38,992 sekuntda tamamlan Lýuwis Hamilton (“Mercedes”) ýeňiji bolup, ol 3 ýaryşdan bäri ýeňiş gazanyp gelýän “Ferrariniň” bu üstünligini soňlandyrdy. Bu onuň şu möwsümdäki 9-njy, karýerasy boýunça-da 82-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Hamiltonyň topardaşy, finlýandiýaly Waltteri Bottas britaniýaly sürüjiden 3,829 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Ferrari” toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler ýeňijiden 5,212 sekunt soň, pellehanadan geçip, 3-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Lekleriň topardaşy, germaniýaly Sebastian Wettel ulagynda emele gelen näsazlyk sebäpli 4-nji orunda barýarka, 29-njy aýlawda ýaryşdan çykdy. “Red Bull” toparynyň pilotlary – gollandiýaly Maks Werstappen bilen asly iňlis tailandly sürüji Aleksander Albon 4–5-nji orunlary paýlaşdylar.
3 ýaryşdan soň, ýeňiş gazanan Lýuwis Hamilton sürüjileriň sanawynda 322 utuk bilen öňdeligini dowam etdirýär. Bottasyň 249, Lekleriň 215 hem-de Werstappeniň 212 utugy bar. Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 13-nji oktýabrda Ýaponiýada geçiriler.