Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ryn­da mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň du­şu­şyk­la­ry­nyň öňü­sy­ra­syn­da fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne gy­zyk­ly oýun­lar ga­raş­ýar. “Se­rie A-da” ýeň­liş­siz bar­ýan “In­ter” “Ita­lia” der­bi­sin­de er­tir soň­ky 8 ýy­lyň çem­pio­ny “Ýu­wen­tu­sy” ka­bul eder. Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da-da” tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­ny er­tir “Bar­se­lo­na” bi­len “Se­wil­ýa­nyň” ara­syn­da bo­lar. Ang­li­ýa­da 7 oýun­da 7 ýe­ňiş ga­za­nan “Li­wer­pul” şu gün ozal­ky tä­lim­çi­si Bren­dan Ro­jer­siň to­pa­ry, soň­ky tap­gyr­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän “Les­ter” bi­len du­şu­şar. Fran­si­ýa­da sa­na­wyň li­de­ri PSŽ 2-nji ha­tar­da­ky “An­že­ni” ka­bul eder. Şeý­le-de 6 tap­gyr­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­ýän “Li­on” er­tir myh­man­çy­lyk­da “Sent-Etien” bi­len du­şu­şar. Rus­si­ýa­nyň “Prem­ýer” li­ga­syn­da-da ýek­şen­be gü­ni geçiriljek SSKA–“Ros­tow” hem-de “Kras­no­dar”–“Spar­tak” du­şu­şyk­la­ry tap­gy­ryň iň esa­sy üns be­ril­ýän oýun­la­ry bo­lar.