11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyz Aşgabatdaky kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Ýokary derejedäki Sammitiň işine gatnaşmak için Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew ýurdumyza geldi. Sammitiň barşynda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirildi. Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde bu guramanyň düzümine girýän ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlara degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy.
2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşyga agza döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk edýär. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmek derejesini bermek baradaky çözgüt birleşigiň ýokary guramasy – GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde kabul edildi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýändigini, abraýly halkara guramalary, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýändigini aýratyn nygtaýar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy 1991-nji ýylda syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, agza döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşine, şeýle hem döwletara gatnaşyklara ýardam bermek maksady bilen döredildi. GDA-nyň Tertipnamasynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, milletara ylalaşygy, ynamy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek ugrunda çykyş edýär. Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Bu hukuk ýagdaýynyň tapawutly aýratynlygy agza döwletlere guramanyň işiniň diňe aýry-aýry görnüşlerine gatnaşmaga mümkinçilik berýändiginde jemlenýär. Türkmenistan özüniň hukuk ýagdaýynyň çäklerinde Arkalaşygyň ýurtlary bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýär.