10-njy oktýabrda türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Ol 11-nji oktýabrda meýilleşdirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna öwrüldi.
Aş­ga­ba­da GDA ýurt­la­ry­nyň – Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gel­di­ler. GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň we­ki­li­ýe­ti­ne onuň başlygy – Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­dew ýol­baş­çy­lyk et­di.
GDA ýurt­la­ry­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi bu dü­zü­miň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji gu­ra­ma­sy­dyr. Ol döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň, Ar­ka­la­şy­gyň hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň çöz­güt­le­ri­niň esa­syn­da ag­za döw­let­le­riň da­şa­ry sy­ýa­sy işi­ni, şol san­da ola­ryň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryn­da­ky işi­ni ut­gaş­dyr­ýar, dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne yn­san­per­wer ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge we beý­le­ki ugur­la­ra gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­niň tas­la­ma­la­ry gi­ri­zil­di.
Mej­li­siň öňü­sy­ra­syn­da dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry dür­li çäk­ler­de, şol san­da “Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy – Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry” di­ýen çäk­de du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si­ni ge­çir­di­ler. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry üç döw­le­tiň döw­let ser­het­le­ri­niň ke­siş­ýän no­ka­dy­nyň ýe­ri ha­kyn­da Şert­na­ma­nyň tas­syk­la­nan­dy­gy ba­ra­da­ky hat­la­ry alyş­mak ha­kyn­da­ky Tes­wir­na­ma gol çek­di­ler.
GDA-nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si çäk­li dü­züm­de me­se­le­le­re ga­ra­mak­dan baş­lan­dy. Dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ryň baş­tu­tan­la­ry hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň hem-de GDA gi­ňiş­li­gin­de hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri­niň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň Mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Ol des­lap­dan bi­ler­men­ler yla­la­şy­gyn­dan geç­di we mi­nistr­ler ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma bi­le­lik­dä­ki işiň mak­sa­da ok­gun­ly we anyk hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na ýar­dam et­me­li­dir, hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça ut­ga­şyk­ly çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin has oňaý­ly şert­le­ri üp­jün et­me­li­dir.
Ar­ka­la­şy­gyň dip­lo­mat­la­ry­nyň ün­si öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy ýa­ly mö­hüm gu­ra­la çe­kil­di. Hut hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ry eme­le ge­tir­ýän se­bäp­le­riň öňü­ni al­mak we ara­dan aýyr­mak ar­ka­ly dün­ýä­dä­ki ýag­daý­la­ra ne­ti­je­li tä­sir et­mek bol­ýar. GDA ýurt­la­ry bu ugur­da bel­li bir tej­ri­bä eýe­dir.
Hu­su­san-da, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri BMG-niň öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­niň gol­daw ber­me­gin­de bi­le­lik­de iş­läp, bu mer­ke­ziň he­re­ket et­me­gi­niň 12 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da se­bi­tiň sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ösü­şi­niň we­zi­pe­le­ri­niň çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň tä­sir­li gu­ral­la­ry­ny dö­ret­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan Ar­ka­la­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de şeý­le gu­ral­la­ry dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri jik­me-jik ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dyr.
Türk­me­nis­tan oňyn hal­ka­ra gün ter­ti­bi­ni dö­ret­me­gi GDA döw­let­le­ri­niň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­ýar. Şeý­le hem 11-nji okt­ýabr­da GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­ne gol çek­mek üçin hö­dür­le­nil­jek res­mi­na­ma­lar gu­tar­nyk­ly yla­la­şyl­dy. Şol res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de gi­ri­zi­len GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň so­wet hal­ky­nyň 1941–1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­nan Ýeň­şi­niň 75 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­na we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne Ýüz­len­me­si­niň tas­la­ma­sy bar.
Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň GDA-nyň çäk­le­rin­de ys­ny­şyk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy, ýur­du­my­zyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň şeý­le gör­nü­şi­niň bi­ziň halk­la­ry­my­zyň hem-de döw­let­le­ri­mi­ziň uzak­möh­let­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne ynan­ma­gy­nyň stra­te­gi­ki we se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Ar­ka­la­şy­gyň Ýew­ra­zi­ýa­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka, ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­mä­ge ukyp­ly­dy­gy şüb­he­siz­dir we Türk­me­nis­tan bu iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mä­ge hem-de GDA bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge go­şan­dy­ny goş­ma­ga taý­ýar­dyr. Mi­nistr­le­riň de­re­je­sin­dä­ki du­şu­şyk­dan soň, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň baş­tu­tan­la­ry­nyň GDA-nyň fo­ru­my­nyň res­mi ban­ne­ri­niň öňün­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy.
Soň­ra mej­lis gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de, we­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan içer­ki ösü­şiň we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­me­gi hem-de hal­ka­ra iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ma­gy saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryp, GDA ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­ga özü­niň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de ga­ra­ýar. Ol Bi­ta­rap döw­let bol­mak bi­len, dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni ösü­şiň bäh­bi­di­ne şu de­re­jä­ni dur­mu­şa ge­çir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýär.
Türk­me­nis­tan hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş edip, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni do­ly na­za­ra al­mak, uzak­möh­let­li we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lyk, hoş­me­ýil­li erk-is­leg, beý­le­ki­le­riň içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk, me­de­ni­ýet­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry, iň go­wy tej­ri­bä­ni we oňyn pi­kir­le­ri alyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ra­ýar.
2019-njy ýyl­da Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň tas­syk­la­nan me­ýil­na­ma­la­ra we mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da iş­län­di­gi, GDA-nyň ter­tip­na­ma­la­ýyn gu­ra­ma­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn ge­ňeş­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň işi­ne ýar­dam be­ren­di­gi bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň GDA-da baş­lyk­lyk et­mek we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gol­daw be­ren­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­ril­di.
GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy – Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­dew gi­ňiş­le­ýin mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra çäk­li dü­züm­dä­ki du­şu­şy­gyň jem­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di. Şeý­le hem ol da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni 2020-nji ýy­lyň 3-nji ap­re­lin­de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky çöz­güt ba­ra­da ha­bar ber­di.
Mej­li­siň bar­şyn­da GDA ýurt­la­ry­nyň oýun­la­ry ha­kyn­da­ky ter­ti­biň hem-de GDA-nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň de­giş­li çöz­güt­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. Olar Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de tä­ze, ge­ri­mi bo­ýun­ça de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk sport tas­la­ma­sy­na ba­dal­ga ber­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Onuň çäk­le­rin­de spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri hem-de GDA ýurt­la­ryn­da has meş­hur bo­lan mil­li we olim­pi­ýa däl gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça oýun­la­ry gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Tas­la­ma sport us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we tür­gen­le­riň, tä­lim­çi­le­riň hem-de beý­le­ki hü­när­men­le­riň hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy ba­bat­da tej­ri­be alyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Ar­ka­la­şy­gyň oýun­la­ry GDA ag­za döw­let­le­riň mil­li sport gör­nüş­le­ri­ni sak­la­ma­ga, ola­ry hal­ka­ra de­re­je­sin­de wa­gyz et­mä­ge we ös­dür­mä­ge ýar­dam eder. GDA ag­za döw­let­ler­de no­bat­ma-no­bat her iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýan we on gü­ne çen­li do­wam et­jek oýun­lar ma­ha­lyn­da me­de­ni çä­re­ler hem-de be­den­ter­bi­ýe we sport me­se­le­si bo­ýun­ça yl­my-ama­ly çä­re­ler gu­ra­lar. Şun­da oýun­lar GDA-nyň ag­za­sy bol­ma­dyk döw­let­le­riň to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy üçin hem açyk bo­lar. Mi­nistr­ler ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­nan bu tas­la­ma GDA-nyň hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­ner. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy GDA-nyň bi­rin­ji oýun­la­ry­ny 2020-nji ýyl­da Ka­zan şä­he­rin­de gu­ra­ýar.
GDA-nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň de­re­je­sin­de res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň mag­lu­mat ne­şir­le­ri­niň, hal­ka­ra köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da met­bu­gat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. On­da dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len anyk çöz­güt­ler be­ýan edil­di.
Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň Li­der­le­ri­niň du­şu­şy­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň GDA-nyň gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­dyň­lyk bi­len gör­kez­di hem-de bu bir­le­şi­ge ag­za döw­let­le­riň umu­my aba­dan­çy­ly­gyň we ösü­şiň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.