Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Di­ýa­ry­myz dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry, ab­raý­ly hal­ka­ra hem-de se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýup, bu ugur­lar­da tä­ze sep­git­le­re ýet­ýär. Mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň 2019-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çir­ýän giň ge­rim­li çä­re­le­rin­de hem gör­mek bol­ýar. Türk­me­nis­tan GDA baş­lyk­lyk ed­ýän döw­let hök­mün­de Ar­ka­la­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge, umu­my aba­dan­çy­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant goş­dy.

Şu hep­dä­niň do­wa­myn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şäheri GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň iki sa­ny iri çä­re­si­ni ka­bul et­di. Olar – GDA gat­na­şy­jy ýurtlaryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Geňeşiniň mej­li­si hem-de da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň ýyg­na­gy­dyr. 10-njy okt­ýabr­da GDA ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Bu du­şu­şyk GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Sam­mi­ti­ne öz­bo­luş­ly taý­ýar­lyk bol­dy. Şol ýyg­nak­da 11-nji okt­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nen me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mi­ti GDA-nyň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­daky söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de hem ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da öz­bo­luş­ly meý­dan­ça bo­lup hyz­mat et­di.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da GDA-nyň Du­şen­be şäherinde ge­çen ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2019-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ýol­baş­çy­lyk et­jek­di­gi­niň yg­lan edil­me­gi, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň art­ýan­dy­gy­nyň, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­nyň gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Ýur­du­myz şu ýy­lyň do­wa­myn­da gu­ra­ma­nyň dür­li dü­züm­le­rin­de, hu­su­san-da GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şin­de, hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şin­de, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şin­de, yk­dy­sa­dy Ge­ňe­şin­de baş­lyk­lyk et­di. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyklyk et­me­gin­de hem-de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da GDA gatnaşyjy döwletleriň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň XIV fo­ru­my, To­hum­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra Ut­gaş­dy­ry­jy Ge­ňe­şiň mej­li­si, hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi hem-de GDA-nyň Yk­dy­sa­dy Ge­ňe­şi­niň 83-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Bu iri çä­re­le­riň ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk hem ne­ti­je­li al­nyp ba­ryl­ma­gy­na uly iter­gi ber­di hem-de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. 2019-njy ýyl­da ýur­du­my­zyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de anyk ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len mö­hüm du­şu­şyk­la­ryň hem-de mas­la­hat­la­ryň köp san­ly­sy ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­di. Olar GDA ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ener­ge­ti­ka, ulag, ara­gat­na­şyk we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­gam­la­ryn­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, şol san­da giň ge­rim­li me­de­ni, yn­san­per­wer, ylym, bi­lim, sport gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly iter­gi ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň GDA bi­len me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myn­da alyp bar­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ga­dy­my şä­her­le­ri­niň Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni paý­tag­ty hök­mün­de saý­lan­ma­gyn­da aý­dyň­ly­gy bi­len ýü­ze çyk­ýar. 2012-nji ýyl­da Ma­ry şä­he­ri­niň, 2016-njy ýyl­da bol­sa Da­şo­guz şä­he­ri­niň Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni paý­tag­ty diý­lip yg­lan edil­me­gi türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­ret­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň GDA döw­let­le­ri­niň öza­ra bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak bi­len bag­ly alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we äh­lu­mu­my ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm mer­ke­zi hök­mün­dä­ki or­nu­nyň mun­dan beý­läk hem bar­ha ber­ke­jek­di­gi­ni ynam­ly aý­dyp bo­lar.

Ma­ýa MI­SE­KO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.