Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ösüşlere beslenip öňe barýan döwründe Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetiniň esaslaryny pugtalandyrmaga aýdyň ýollary açýar, her bir raýatyň bagtyýarlygynyň hem-de erkin ösmeginiň ileri tutulýandygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Esasy Kanunymyz bolup durýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy döwrüň talaplaryndan ugur alnyp has-da kämilleşdirilýär. Konstitusiýamyzyň kämilleşmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Konstitusion kadalaryň milli mirasymyza, halkymyzyň paýhas çeşmelerine esaslanyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşdyrylyp ösdürilmegi, ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyna mümkinçilik berýär.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredilen Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz şol mejlisde eden çykyşynda dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň örän çalt üýtgeýändigini belläp, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary we ileri tutulýan ugurlary adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünlikleriň hem-de iň öňdebaryjy halkara tejribesiniň nazara alnyp, döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtap geçdi. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, ýagny konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry ýurdumyzy demokratik ýol bilen has-da ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini uly buýsanç bilen bellemek bolar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taryhy ähmiýetli iri möçberli maksatnamalar we taslamalar, möhüm syýasy-ykdysady hem-de jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, ilatyň durmuş üpjünçiligi has-da gowulanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda hukuk özgertmeleri geçirmek boýunça alyp barýan syýasatynyň dabaralanmagy hem-de bu ugra ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem giňden çekilmegi mugallymlara hem uly jogapkärçilikleri ýükleýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli gatlagynyň wekilleri tarapyndan teklipleriň hödürlenmegi esasynda Esasy Kanunymyza giriziljek häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän üýtgetmeler we goşmaçalar biziň ýurdumyzyň has belent sepgitlere ýokary göterilmegine esas bolup hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän sepgitler bäş müňýyllyk şöhratly taryhy bolan türkmen jemgyýetini hil taýdan ýokary derejelere çykarýar. Türkmen döwletiniň täze taryhy şertlerde şeýle belent derejelere ýokary göterilmeginde onuň berkarar döwletiniň kanun binýadynyň berkden tutulmagynyň, oňa esas bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy ösüşiň talaplaryna laýyk kämilleşdirilip gelinmeginiň ähmiýetiniň iňňän uludygy bellenmäge mynasypdyr.
Muhabbet Döwletowa,
Mährijemal Çaryýewa,
Aman Kekilow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymlary.