Gündogar Afrikada ýerleşýän Ruanda Respublikasynda ykjam telefon önümçiligi ýola goýuldy. “Made in Africa” belgili smartfonlar bazara çykdy. Ýurduň “Mara Phones” kompaniýasy Afrika yklymynyň ilkinji smartfonyny öndürdi. Kompaniýanyň özüniň işläp düzen bu telefonlary “Mara X” we “Mara Z” diýlip atlandyryldy. Olar “Android” işleýiş ulgamy bilen işläp, degişlilikde 190 dollar hem-de 130 dollar nyrh bilen bazara çykaryldy.
Ruandanyň bilermenleriniň belläp geçmegine görä, olaryň öndüren telefonlary dünýä belli “Samsung” kompaniýasynyň harytlary bilen bäsleşip biler. “Mara” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşişa Takkara işläp taýýarlan telefonlaryna satyn almaga isleg bildirýänleriň sanynyň köpdügini belledi.
Ýurtda ykjam telefonlaryň öndürilmegi häzirki zaman tehnologiýalaryna bolan islegiň artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ruanda geljekde sebitiň tehnologiýa merkezine öwrüler.
Mundan ozal, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary Alžirde, Müsürde, Efiopiýada we Günorta Afrika Respublikasynda telefon önümçiligini ýola goýupdy.
Ruandanyň telefon önümçilik zawody üçin 24 million dollar sarp edildi. Bu ýerde bir gije-gündizde 1200 sany telefon öndürmek göz öňünde tutuldy. Kompaniýa Afrikadaky erkin söwda zolaklarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Yklymyň erkin söwda bazary ýyllyk jemi içerki önümi 3,4 trillion dollara barabar bolan 55 ýurdy hem-de 1,3 milliard ilaty öz içine alýar. Ruanda smartfonlarynyň ilkinji tapgyryny Angola we Kongo Demokratik Respublikasyna ibermegi meýilleşdirýär.
Tylla HOJAGULYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.