Bir inedördül mil (2,59 inedördül kilometr) ýer bölegine iň köp düşýän syýahatçy sany boýunça syýahatçylyk ýerleriniň sanawy düzüldi. Bu barada “Columbus Direct” kompaniýasynyň bilermenleri iş alyp bardylar. Olar 2018-nji ýylyň jemleri boýunça ýokarda agzalan ýer bölegine her gün gelýän syýahatçylaryň sany boýunça jahankeşdelik mekanlarynyň öňdebaryjylaryny kesgitlediler. Bu sanawdaky öňdäki 5 orny Aziýanyň 2 hem-de Ýewropanyň 3 şäheri eýeledi.
2018-nji ýyl boýunça iň gür syýahatçylyk mekany Tailandyň Phuket adasy boldy. Ol her ýyl 9,29 million syýahatçy (her gün ortaça 25452 jahankeşde) bilen öňdeligi eýeleýär. Şeýlelikde, bu adanyň jahankeşde gürlüginiň görkezijisi – bir inedördül mile 5090 syýahatçy düşýär. Ikinji orny Ispaniýanyň Palma-de-Maýorka şäheri (1 inedördül mile 2918 jahankeşde), üçünji orny Tailandyň Pattaýa şäheri (1 inedördül mile 2762 jahankeşde), dördünji orny Fransiýanyň Pariž şäheri (1 inedördül mile 1174 jahankeşde) we bäşinji orny Ispaniýanyň Barselona şäheri (1 inedördül mile 605 jahankeşde) eýeledi.
Şeýle seretseň, Bangkok şäheri her ýyl 10 milliondan gowrak syýahatçy kabul edýär. Emma syýahatçy gürlügi boýunça bu şäher 12-nji orny eýeleýär. Şeýle ýagdaý Beýik Britaniýanyň London şäherine hem degişlidir. London syýahatçy sany boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Bu şähere her ýyl 19 milliondan gowrak jahankeşde gezelenje barýar. Türkiýäniň iň meşhur syýahatçylyk şäheri Antalýa bu sanawda 16-njy orny eýeleýär.
Kerim Ataýew,
DIM-iň Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby.