Hal­ka­ra Fut­bol Fe­de­ra­si­ýa­sy (FI­FA) hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy adam­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan ha­bar­ly­ly­gy­nyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin äh­lu­mu­my baş­lan­gyç bi­len çy­kyş et­di­ler. Bu ba­bat­da dün­ýä­niň iki uly ab­raý­ly gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan özä­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da äht­na­ma gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma­ Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG) baş di­rek­to­ry Ted­ros Ad­han Geb­re­ýe­sus bi­len FI­FA-nyň baş­ly­gy Jan­ni In­fan­ti­no gol çek­di. Her iki gu­ra­ma fut­bo­lyň kö­me­gi bi­len sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni tu­tuş dün­ýä­de wa­gyz et­mek ba­bat­da jo­gap­kär­çi­lik al­dy­lar.
– Ýer şa­ry­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na to­ma­şa et­di­ler. Bu hem bi­ze mil­liard­lar­ça ada­ma sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­jaý et­mä­ge gö­nük­dir­mek üçin mag­lu­mat ber­mä­ge şert dö­red­ýär – di­ýip, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň baş di­rek­to­ry Ted­ros Ad­han Geb­re­ýe­sus gür­rüň ber­ýär.
FI­FA-nyň we BSGG-niň ara­syn­da­ky 4 ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de adam­la­ryň sag­dyn bol­ma­gy ug­run­da de­giş­li iş­ler al­nyp bar­lar. Bi­le­lik­de tem­mä­ki­den azat se­bit­le­ri dö­ret­mek üçin çä­re­ler gu­ra­lar, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy Hal­ka­ra Fut­bol Fe­de­ra­si­ýa­sy­na sag­ly­gy go­ra­ýyş, hu­su­san-da ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak ba­bat­da teh­ni­ki kö­mek­le­ri be­rer. Bu hyz­mat­daş­ly­ga mil­li ýy­gyn­dy­lar, fut­bol­çy­lar, tä­lim­çi­ler hem-de meý­le­tin­çi­ler hem go­şu­lar.

Tir­kiş BE­GEN­JOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň ta­ly­by.